“Lezzetli miwe” türkmen bazaryny miwe önümleri bilen üpjün edýär

“Lezzetli miwe” türkmen bazaryny miwe önümleri bilen üpjün edýär

“Lezzetli miwe” hojalyk jemgyýeti şu ýyl 34 gektar ýere badam agaçlaryny oturdyp, badamyň bol hasylyny ýygnady. Bu ýerde badamyň ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine gowy uýgunlaşan “Ferraduel” hem-de “Ferragnes” görnüşleri ekildi.

“Rysgal” gazetiniň duşenbe güni habar berşi ýaly, häzirki güne çenli kompaniýa degişli 200 gektar ýerde şetdaly, alma, çereşnýa ýaly miweli baglaryň birnäçesini ösdürip ýetişdirdi.

Kompaniýanyň ýolbaşçysy Sapargeldi Dolyýewiň aýtmagyna görä, kompaniýa hususy telekeçilere, söwda merkezlerine, toý mekanlaryna we ähli gyzyklanýan taraplara güneşli ýurdumyzyň bereketli topragynda ösdürilip ýetişdirilen, ekologiýa taýdan arassa, ýokumly, ter we datly miweleri hödürleýär.

“Lezzetli miwe” hojalyk jemgyýeti özüne bölünip berlen ýeri 2016-njy ýylda özleşdirip başlady.

Ýene degişli makalalar

“Lezzetli miwe” şetdaly hasylyny Russiýa eksport etdi
07.09.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Baky saz ýaňlanar...
Türkmen milli konserwatoriýasynda Bethoweniň doglan gününe bagyşlanan konsert geçiriler