Lion futbol komandasynyň awtobusyna hüjüm guraldy

Fransiýanyň futbol ligasyndaky duşuşyga 2 sagat galan mahaly Lion futbol komandasynyň awtobusy Marsel futbol komandasynyň janköýerleriniň hüjümine sezewar galdy.

Zyňylan daşlar awtobusyň aýnalarynyň döwülmegine sebäp boldy.

Lion komandasynyň tehniki müdüri Fabio Grosso ýaralandy we futbolçylar howsala düşdiler.

Ýüzüniň ganandygy habar berilen Grosso, lukmanlar tarapyndan bejergi astyna alyndy.

Başdan geçirilen hadysalar sebäpli Fransiýanyň Futbol federasiýasy Marsel-Lion duşuşygynyň yza süýşürilendigini habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Gattuzo belli fransuz kluby bilen şertnama baglaşdy
3 ýyldan soň 3-nji gezek ýokary liga çykdy
Putin Grossi Bilen Duşuşdy
Ykbalyny teatr sungatyna bagyşlan ynsan
Amerikaly Mişra taryhda iň ýaş grossmeýster boldy
Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň sözlerine we hasabatyna Eýranyň beren jogaby