Lionel Messi sporta we tehnologiýa maýa goýmak üçin Play Time kompaniýasyny esaslandyrdy

Lionel Messi sporta we tehnologiýa maýa goýmak üçin Play Time kompaniýasyny esaslandyrdy

Futbol ýyldyzy, “Pari Sen-Žermen” klubunyň hüjümçisi Lionel Messi tutuş dünýä boýunça sporta, KHBS-e we tehnologiýa maýa goýmak üçin Play Time holding kompaniýasyny esaslandyrdy. San-Fransiskoda ýerleşýän bu kompaniýa “Messiniň esasy maýa goýum guralyna öwrüler”.

Maýa goýum kompaniýasy durmuşa geçirmegiň dürli tapgyrynda bolan taslamalara maýa goýar, mysal üçin, faunderlere futbol-tehnologiýa kompaniýalaryny döretmäge ýa-da toparlara maýa goýmaga kömek eder diýip, Bloomberg agentligi habar berýär. Muny incrussia.ru ýetirýär.

Play Time kompaniýasyny Graph Ventures kompaniýasynyň hyzmatdaşy Razmig Owagimýan dolandyrar, ýörite maslahatçy Code Advisors LLC maýa goýum bankyny esaslandyryjy hyzmatdaş Maýkl Markes bolar. Kompaniýanyň ilkinji goşandy noýabr aýynda futbol boýunça dünýä çempionaty başlanmazdan öň işe girizilmegi meýilleşdirilýän Matchday.com taslamasyna maýa goýum bolar. Onuň esaslandyryjysy Owagimýan. Holding AC Momento futbol startapynda hem paýa eýedir.

Ýene degişli makalalar

Sürüjisiz ulaglaryň gije-gündiz işlemegine rugsat berildi
Nýu-Ýork ABŞ-nyň ýaşaýyş üçin iň gymmat şäherleriniň reýtinginde bäşinji orny eýeledi
iPhone 14 Pro-nyň täze funksiýasyny barlamak üçin bloger ýöriteläp öz ulagyny döwdi
Nýu-Ýork dünýäniň öňdebaryjy maliýe merkezi hökmünde liderligini saklady
Analitikler iň köp millioneri bolan şäherleri atlandyrdylar
San-Fransiskodaky şokolad dükany öz işgärlerine kung-fu öwredýär