Humboldt sebitiniň Tiz kömek hyzmatlary müdirliginden berilen beýanatda, San-Fransiskonyň 343 km demirgazyk-gündogaryndaky Ferndale sebitinde başdan geçirilen ýer titremede adam pidalarynyň bolandygy habar berildi.
Beýanatda 6,4 bal ululygyndaky ýer titremede 2 adamyň ýogalandygy, 11 adamyň bolsa ýaralanandygy mälim edildi.
Ýer titremeden soň iň ulusy 4,6 bal ululygynda bolmak bilen, azyndan 80 aýry gezek kiçiräk ýer titremäniň bolandygy bellen beýanatda, tebigy apat sebäpli ençeme desga we ýola zeper ýetendigi aýan edildi.
Ýer titreme sebäpli müňlerçe maşgala elektrik tokdan we suwdan mahrum boldy.
Hünärmenler sebitde ýakyn wagtlarda ýene-de ýer titremeleriň bolup biljekdigini belläp, halka hüşgär bolmaklary barada duýduryş berdiler.