Liwanur Berdiýewa zehinini rus teleýaýlymynda görkezýär

Liwanur Berdiýewa zehinini rus teleýaýlymynda görkezýär

Россия teleýaýlymynda görkezilýän Удивительные люди (Täsin adamlar) şowhunly gepleşiginiň täze möwsüminiň dördünji bölüminde türkmenistanly tiz hasaplamak boýunça ilkinji milli rekordy goýan gyz Liwanur Berdiýewa çykyş etdi. Çykyş edýäniň öňündäki iň kyn mesele: synagdan geçmek, tomaşaçylary geň galdyrmak we finala çykmak boldy. Bu barada Salamnews habar berdi.

Liwanur Berdiýewa Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy. Ol mekdepden boş wagtlary Kämil Bilim okuw merkezinde Mega mentalnaýa arifmetika ANZAN kursuna gatnaşýar. Geçen ýylyň mart aýynda okuwçy gyz zehin başarnygy bilen MEMORIAD (Bütindünýä zehin sport federasiýasy) tarapyndan hasaba alnan mental arifmetikasy boýunça Türkmenistanda ilkinji milli rekordy goýdy.

Удивительные люди (Täsin adamlar) şowhunly gepleşiginiň täze möwsüminiň dördünji bölüminde Liwanur taslama gatnaşýan mental arifmetikasy boýunça halkara ýaryşlarynyň çempiony, moskwaly Maksim Kuçin, islendik guşy ýekeje ýeleginden tanap bilýän permli ýetginjek Mihail Razgulýaýew, ABŞ-dan Aýsmen lakamly pälwan J.D.

Anderson, hytaýly mnemotehnik Hu-Synwenýa, tanzaniýaly deňagramlygy saklap bilýän Barak Juma Feruz, magadanly aşa takyk burawçy Nikolaý Pçelenkow, Russiýa Federasiýasynyň iň gowy programmistleri Sankt-Peterburg şäherinden Igor Permýakow we Kirill Woloh dagylar bilen bäsleşmeli bolar.

Olaryň hemmesi özleriniň zehin başarnygynyň syryny bilmäge çalyşýan tomaşaçylaryň we eminler toparynyň öňünde Удивительные люди (Täsin adamlar) adyna mynasypdygyny ykrar etdirmäge synanyşarlar.

Türkmenistandan baran Liwanur Berdiýewanyň täsin zehini tomaşaçylary haýran galdyryp finala çykarmy?

Biz muny şu gün Aşgabat wagty bilen 23:30-da (Moskwa wagty bilen 21:30) anyklarys.

Ýene degişli makalalar

Täsin ukyply Liwanur Täsin adamlarda bäsleşdi
8-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Wladimir Putin Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisini Şöhrat ordeni bilen sylaglady
Tennis boýunça Türkmenistanyň kubogynyň eýeleri belli boldy
Lawrow: "Günbatar Russiýa garşy gibrid söweş başlatdy" diýdi
Russiýanyň goşunynyň Ukraina guraýan hüjümleri dowam edýär