“Liwerpul” möwsümi kuboksyz tamamlap biler

Angliýanyň FA Kubogy duşuşygynda 4-nji tapgyrynda (1/16 final) “Mançester Ýunaýted” öz meýdançasynda “Liwerpuldan” 32 üstün çykdy. Çekeleşikli geçen oýunda “Liwerpul” ilkinji bolup, hasaby açsa-da “Mançester Ýunaýted” ýeňiş gazanmagy başardy. “Mançester Ýunaýtede” ýeňiş getiren gollary Grinwud (26), Reşford (48) hem-de oýna soň goşulan Bruno Fernandeş (78) derwezä girizdi.

Soňky wagtlarda ýeňiş gazanyp bilmeýän “Liwerpuldan” Mohamed Salahyň (18, 59) gollary ýeňşe ýeterlik bolmady. Şunlukda, çempionlyk ýaryşynda-da kem-kemden yza galýan “Liwerpul” FA Kubogy bäsleşiginden çykdy.Topar Liga Kubogynda-da ir ýaryşdan çykypdy.

Başgaça aýdylanda, “Liwerpul” topary “Premier ligada” çempionlyk gazanyp bilmese, onda möwsümi kuboksyz tamamlar.

FA Kubogynyň 1/16 finalynda kubogyň häzirki eýesi “Arsenal” topary “Southemptondan” 1-0 utuldy. “Çelsi” Abrahamyň het-trigi bilen “Luton Tauny” 31 hasabynda ýeňdi. Şol hasap bilen “Mançester Siti” “Çeltnemi”, “Lester” bolsa “Brentfordy” utdy. 1/8 finalyň oýunlary 9-10-11-nji fewralda oýnalar

The post “Liwerpul” möwsümi kuboksyz tamamlap biler appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Sanawyň lideri üýtgedi, “Ýunaýted” uly hasap bilen ýeňildi
“Mançester Siti” ýeňşi ýatdan çykardy
Mançesteriň reňki gyzyl
FA Kubogynda 4-nji tapgyryň bijeleri çekildi
“Liwerpul” bilen “Mançester Sitiniň” nobatdaky ýeňşi, “Arsenalyň” ilkinji ýeňlişi
Londondaky deňlikden soň “Mançester Siti” 1-nji orunda galdy
“Arsenal” Žesusyň het-trigi bilen ýarym finalda