Liwiýada Nebit Känleriniň we Portlarynyň Işi Kadalaşdy

Liwiýada Nebit Känleriniň we Portlarynyň Işi Kadalaşdy

Liwiýanyň Milli nebit guramasyndan berilen ýazmaça beýannamada “Milli Nebit guramasy gury ýerdäki we deňizdäki ähli giňişliklerde işleriň kadaly dowam edýandigini tassyklaýar” diýilýär.

Liwiýanyň Goranmak ministrliginiň Nebit desgalarynyň goragçylary edarasy 15-nji fewralda beren beýannamasynda Liwiýanyň Milli jebislik hökümetinden talaplarynyň berjaý edilmegini isläp, eger-de 10 günüň dowamynda ol iş ýüzüne geçmese nebit känleriniň ýapyljakdygyny duýdurypdy.

Ýurtda nebit känleriniň howpsuzlygyndan jogapkär Nebit desgalarynyň goragçylary, öňňin bolsa nebit eksport edýän ähli nebit känleriniň hem-de portlarynyň ýapylandygyny habar beripdi.

Liwiýanyň hökümetiniň şol gün beren beýannamasynda Premýer-ministr Abdulhamid Dibeýbäniň Nebit desgalarynyň goragçylarynyň aýlyk haklarynyň Liwiýanyň harby gullukçylarynyň aýlyk haklary bilen deň derejä göterilmegi üçin görkezme berendigi mälim edilipdi.

Ýene degişli makalalar

Hindistanyň Liwiýadaky Ilçihanasyny Öz Işine Başlady
Nebit ministri OPEK-iň başlygy boldy
Trampyň ABŞ-a girişi 'bölekleýin çäklendirýän' buýrugy Türkmenistanyň raýatlaryna hem degişli
Müsüriň Daşary işler ministri Bedr Abdulati şu gün Türkiyä sapar gurar
Prezident Erdogan Liwiýanyň Premýer-ministrini Kabul Etdi
Tramp 12 ýurduň raýatlaryna ABŞ girmegini gadagan etdi; ýedi ýurduň, Türkmenistanyň hem raýatlaryna bölekleýin çäklendirme’ girizdi