Londonda Şa zenana ýadygärlik dikiler

Londonda Şa zenana ýadygärlik dikiler

Beýik Britaniýanyň golaýda aradan çykan Şa zenany Ýelizaweta II hormatyna Londonyň merkezindäki Trafalger meýdançasynda ýadygärlik peýda bolmagy mümkin. Bu baradaky meseläni ýurduň ministrleridir Patyşalyk köşgüniň ýolbaşçylary ara alyp maslahatlaşýarlar diýip, Times gazeti habar berdi diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Heýkelde şa zenanyň 70 ýyllyk ýurdy dolandyran döwri öz şöhlelenmesini tapar, mundan başga-da şa zenanyň hormatyna köçelere, seýilgählerde we beýleki ýerlere adyny dakmak meýilleşdirilýär.

Şa zenany Ýelizaweta II 8-nji sentýabrda Şotlandiýadaky Balmoral mülkünde aradan çykdy, ol şu gün— 19-njy sentýabrda ýerlener.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti Londonda geçirilýän Bütindünýä bilim forumyna gatnaşýar
Puldaky Şa zenanyň şekilini çalyşmak üçin iki ýyl gerek bolar
Türkmenistanyň Prezidenti şa zenany Ýelizaweta II-iň aradan çykmagyna gynanç bildirdi
Güneşli söwda merkeziniň gurluşygy tamamlandy, Aşgabatda ýoga boýunça sapak geçirildi, türkmen paýtagtynyň teatrlary spektakllara çagyrýarlar
Beýik Britaniýada Şa zenany II Ýelizawetanyň ýadygärligine bagyşlanyp hormatly dymyşlyk edildi
Britanlar Şa zenany bilen hoşlaşdylar