“Los Anjeles Leýkersiň” 17-nji çempionlygy

NBA-nyň 74-nji möwsüminiň çempiony “Los Anjeles Leýkers” boldy.Los Anjeles şäheriniň wekili final duşuşyklarynyň 6-njy oýnunda “Maýami Hitden” 106:93 hasabynda üstün çykyp, umumy hasapda 4:2 öňe saýlandy. Şeýlelikde, “Los Anjeles Leýkers” 10 ýyldan taryhyndaky 17-nji çempionlygyny gazanyp, bu ugurda “Boston Seltiks” topary bilen deňleşdi.

Soňky gezek 2009-njy we 2010-njy ýyllarda bassyr 2 çempionlyk gazanan “Los Anjeles Leýkersiň” ýyldyzy LeBron Jeýms final oýunlarynyň iň gymmatly oýunçysy (MVP) saýlandy. 4-nji NBA çempionlygyny gazanan Jeýms 2012-nji, 2013-nji we 2016-njy ýyllardan soň, 4-nji gezek sapar iň gymmatly oýunçy baýragyna laýyk görüldi.

Ol 3 dürli toparda iň gymmatly oýunçy saýlanan ilkinji basketbolçy hökmünde taryhy girdi. Şeýle-de weteran oýunçy Rajon Rondo hem “Boston Seltiksde” hem-de “LA Leýkersde” soňky 56 ýylda çempionlyk gazanan ilkinji basketbolçy boldy.

Duşuşykdan soň, Entoni Dewis çempionlygy ýanwar aýynda aradan çykan “LA Leýkersiň” ozalky super ýyldyzlaryndan Kobe Braýant we gyzyna bagyş edendiklerini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

“Golden Steýt Warriors” 7-nji gezek NBA-nyň çempiony
Taryhynda ilkinji gezek finala çykdy
Dünýä habarlary gysga setirlerde
Kobi Braýanta we onuň gyzyna ýadygärlik heýkeli dikildi
NBA-da çempion üýtgemedi
“Maýami Hit” 6 ýyldan soň konferensiýanyň finalynda