Lotta Business Group gözegçileri we söwda wekillerini hyzmatdaşlyga çagyrýar

Lotta Business Group gözegçileri we söwda wekillerini hyzmatdaşlyga çagyrýar

15 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistan bazarynda dünýäniň meşhur brendlerine üstünlikli wekilçilik edip, okgunly ösýän Lotta Business Group söwda kompaniýasy tejribeli gözegçileri (superwaýzerleri) we başarnykly söwda wekillerini hyzmatdaşlyga çagyrýar.

Lotta Business Group professional toparyna buýsanýar we ony yzygiderli giňeltmäge çalyşýar. Işgärleriň sanynyň artmagy bilen baglylykda, kompaniýa gözegçi we söwda wekili üçin boş iş orunlaryny açýar.

Lotta Business Group-da işlemegiň artykmaçlyklary:

- durnukly we okgunly ösýän kompaniýa: kepillendirilen zähmet haky, hünär taýdan ösmek üçin mümkinçilikler. - gyzykly we çylşyrymly meseleler siziň içiňizi gysdyrmaz, möhüm çözgütleri kabul etmäge hem-de kompaniýanyň ösüşine goşant goşmaga mümkinçilik berer. - üznüksiz okuw we hünär derejesini ýokarlandyrmak. - dostlukly we agzybir işgärler.

Dalaşgärlere bildirilýän talaplar:

Gözegçi:

- gözegçi wezipesinde azyndan 3 ýyl iş tejribesi. - topar döretmek we dolandyrmak ukyby. - ýokary jogapkärçilik we netijelilik. - guramaçylyk we özbaşdaklyk. - ajaýyp aragatnaşyk başarnyklary. - başlangyçlary öňe sürmek, netijä ugrukmak, strese garşy durnuklylyk. - kompýutere ynamly erk etmek.

Söwda wekili:

- söwda ulgamynda iş tejribesi kabul edilýär, ýöne hökmany däl. - ajaýyp aragatnaşyk we tanyşdyryş başarnyklary. - aragatnaşykda açyklyk, jogapkärçilik, tutanýerlilik, strese garşy durnuklylyk. - öwrenmek we ösmek islegi. - toparda işlemek ukyby.

Lotta Business Group toparynyň agzasy bolmak üçin:

- onlaýn maglumatnamany dolduryň; - terjimehalyňyzy şu elektron poçta iberiň: lotta@lotta-tm.com; - şu telefonlar arkaly habarlaşyň: (+993 12) 75 44 50, (+993 65) 25 69 50.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Eýrandan nebit däl önümleriniň importy 103% ýokarlandy
Astrahanyň gubernatory: Sebitiň kompaniýalary Hazarda gämi gatnaw ugruny döretmäge taýýar
“Türkmenhimiýa” DK dürli görnüşli wagonlary satyn alar
FLO dükany erkek we zenan aýakgaplarynyň ähli görnüşleriniň bahalaryny arzanlatdy
FLO aýakgap dükany bäş günlük aksiýa yglan edýär
BMG: iki milliard adam agyz suwuna mätäçlik çekýär