Lukaşenko belaruslaryň häzirki durmuş derejesine guwanýandygyny aýtdy

Lukaşenko belaruslaryň häzirki durmuş derejesine guwanýandygyny aýtdy

Belaruslar hiç wagt häzirki ýaly oňat durmuşda ýaşamandy. Bu barada ýurduň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko 24-nji aprelde Bütinbelarus Halk ýygnagynda eden çykyşynda aýtdy diýip, Iz.ru ýazýar.

Belarusyň döwlet Baştutanynyň: Geliň, ak ýürekden boýun alalyň, biz hiç haçan häzirki ýaly gowy ýaşamandyk diýen sözlerini ONT teleýaýlymy getirdi.

Lukaşenko şeýle hem belaruslaryň ýaşaýyş derejesiniň mundan hem gowy bolup biljekdigini belledi. Onuň sözlerine görä, geosyýasy ýagdaýlary hasaba almak bilen, ýurt geografiki, gor mümkinçiliklerini utgaşdyrmak arkaly ykdysadyýetde uly öňegidişlikleri gazandy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş baýramy mynasybetli Moskwada geçirilýän harby ýörişe gatnaşdy
Lukaşenko kosmonawt Wasilýewskaýa Belarussiýanyň Gahrymany diýen at dakdy
Belarussiýanyň lideri: "Bizi söweşe çekmek isleýärler" diýdi
Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi Tölegleri Milli Pul Birliginde Geçirdi
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ MOSKWADA GEÇIRILJEK DABARALY HARBY ÝÖRIŞE GATNAŞMAGYNA GARAŞYLÝAR
Türkmenistanyň Prezidenti Moskwada Näbelli esgeriň ýadygärligine gül goýdy