Güýz tukatlygy paslyň çalyşmagy netijesinde keýpiň birdenkä üýtgemegi bolup, muňa gün şöhlesiniň azalmagy, howanyň temperaturasynyň peselmegi hem-de ýagyşly howa sebäp bolýar. Bular öz gezeginde bagt gormonlary bolan serotoniniň we dofamoniň işlenip çykarylyşynyň kemelmegine getirýär. Bu barada SOLGAR kompaniýasynyň hünärmeni, berhiz lukmany, hutrisiolog Ýelena Fýodorowa gürrüň berdi diýip, Gazeta.ru ýazýar.
Tukatlyk ýygy-ýygydan ýüze çykýan sowuklama we immunitetiň peselmegi bilen utgaşyp biler. Şonuň üçin iýmitlenişe ýokumlary antioksidantlary, adaptogenleri goşmak gerek. С ýokumy sitrus miwelerinde, duzlanan kelemde, burçda, smorodinada we beýlekilerde köp duşýar. Е ýokumy ösümlik ýaglarynda, hozlarda, bagyrda bar.
D ýokumyny, ženşeniň ekstraktyny iýmitlenişe goşmaly.Güýçli stressde magniniň 400-800 gramyny, Eps duzly magniý wannasyny kabul etmek gerek diýip, lukman düşündirdi.
Güýz tukatlygyny ýeňmek üçin 7-8 sagatlyk sagdyn uky wajyp, köpräk gezim etmeli, işjeň bolmaly, oňat naharlanmaly diýip, lukman sözüniň üstüni ýetirdi.