Rim Papasy çagalyk arzuwlary bilen paýlaşdy

Rim Papasy çagalyk arzuwlary bilen paýlaşdy

Rim Papasy Fransisk çagaka gassap bolmagy arzuw edendigi barada Italiýanyň RAI döwlet teleýaýlymyna beren interwýusynda gürrüň berdi.

Pontifik çagaka bazarda öňlüginiň jübüleri puldan doly gassaby synlap, bu kär barada arzuw edendigini ýatlady: Men bu arzuwym barada gürrüň berenimde, sebäbi hakda sowala şol gassaby görkezip: Seret, onuň näçe diýseň puly bar diýýärdim.

Ýeri gelende aýtsak, Papanyň asyl gelip çykyşy Argentinadan Italiýa göçüp gelen göçegçilerdendir.

Fransisk ýetginjekkä lukmançylyk fakultetine okuwa girmegi maksat edinendigini, emma soň ylahyýet seminariýasyna gulluga durandygyny gürrüň berdi.

Papa iň söýgüli ýazyjysynyň rus awtory Fýodor Dostoýewskiý bolandygyny ýatlady.

Teleýaýlymdaky söhbetdeşlikde şeýle-de ekologiýa we zibil, bikanun göçegçilik, ene-atalar bilen çagalaryň arasyndaky gatnaşyk ýaly wajyp meseleler gozgaldy.

Bu barada Izwestiýa ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Rim Papasy çagalyk arzuwlaryny paýlaşdy
Rim Papasy wagyz-nesihatynda Dostoýewskiden mysal getirdi
Rim Papasy işden gitmek barada pikir etmeýändigini habar berdi
Rim Papasy halkara guramalarda özgertmeleri geçirmegiň möhümdigini aýtdy
Rim Papasy ýaraglanyşygyň haýdadylmagyna garşy göreşmäge çagyrdy
Rim Papasy Gazagystana bardy