LVMH ýarymýyllyk arassa girdejisini 23% ýokarlandyrdy

LVMH ýarymýyllyk arassa girdejisini 23% ýokarlandyrdy

Dünýäniň iň uly lýuks harytlary öndürijisi LVMH Moet Hennessy Louis Vuitton SA lokdaunlar sebäpli Hytaýda satuwyň pese gaçyşynyň öwezini dolan ABŞ-da we Ýewropada islegiň dikeldilmegi netijesinde 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda arassa girdejisini we girdejisini ýokarlandyrdy. Bu barada interfax.ru habar berýär.

Ýanwar iýun aýlarynda kompaniýanyň girdejisi 28% ýokarlanyp, geçen ýylyň degişli döwründäki 28,67 mlrd ýewrodan 36,7 mlrd ýewro ýetdi.Organiki ösüş 21% bolup, kompaniýanyň ähli biznes bölümleri 10%-den gowrak ösüşi hasaba aldylar.

Birinji ýarymýyllykda arassa girdeji 23% ýokarlanyp, bir ýyl ozalky 5,29 mlrd ýewro garşy 6,53 mlrd ýewro boldy.Dowam edýän amallardan alynýan düşewünt üçden birinden gowrak artyp, 10,24 mlrd ýewro boldy.

FactSet tarapyndan sorag edilen analitikler dowam edýän amallardan alynýan düşewündiň 9,57 mlrd ýewro, girdejiniň 35,4 mlrd ýewro bolmagyna garaşypdylar.Kompaniýanyň moda egin-eşikleri we deri önümleri segmentinde girdejisi birinji ýarymýyllykda ýyllyk aňlatmasynda 31% ýokarlanyp, 18,14 mlrd ýewro ýetdi.

Organiki ösüş 24% boldy.Ulgamlaýyn ownuk söwda dükanlarynyň (Sephora, DFS we Le Bon Marche) girdejisi 30% ýokarlanyp, 6,63 mlrd ýewro barabar boldy (organiki ösüş 22%).Sagatlaryň we şaý-sepleriň satuwy 22% ýokarlanyp (organiki aňlatmada +16%), 4,91 mlrd ýewro boldy.

Parfýumeriýa we kosmetika segmentinde girdeji 20% ýokarlandy we 3,62 mlrd ýewro ýetdi (organiki ösüş 13%).Alkogol içgileriniň satuwy 23% ýokarlanyp, 3,33 mlrd ýewro (organiki ösüş 14%) boldy. 2022-nji ýylyň başyndan bäri kompaniýanyň kapitallaşdyrmasy 14% azaldy we häzir, takmynan, 321 mlrd ýewro deň.

Ýene degişli makalalar

MEETING OF THE MINISTER OF FOREIGN AFFAIRS OF TURKMENISTAN WITH THE SECRETARY GENERAL OF THE ORGANIZATION OF TURKIC STATES
В ТУРКМЕНИСТАН ПРИБЫЛА МИССИЯ НАБЛЮДАТЕЛЕЙ ОТ ОБСЕ
Netflix baş keşpde Leonardo Di Kaprio bilen “Ýokaryk seretmäň” filmini çykardy
Mask dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda birinji ornuny saklap galdy
Forbes: Mask dünýäniň iň baý adamy
Dünýäniň iň baý adamlary ýylyň başyndan bäri 115 milliard dollar ýitgi çekdiler