LX International OGT-2023 nebit-gaz forumynyň bürünç hemaýatkäri hökmünde çykyş eder

LX International OGT-2023 nebit-gaz forumynyň bürünç hemaýatkäri hökmünde çykyş eder

LX International kompaniýasy 25-27-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023 (OGT-2023) XXVIII halkara maslahatynyň we sergisiniň bürünç hemaýatkäri hökmünde çykyş eder.

LX International köp ýyllardan bäri türkmen bazarynda ulag, gaz senagaty we himiýa önümçiligi ugurlarynda üstünlikli iş alyp barýar. Kompaniýa Türkmenistanyň günbatarynda polietilen we polipropilen öndürmek boýunça gazhimiýa toplumynyň gurluşygy, ýol howpsuzlygy ulgamlaryny ornaşdyrmak we maslahat beriş hyzmatlary ýaly iri taslamalara gatnaşdy.

Ýakynda geçiriljek OGT-2023 forumynda energetika pudagyndaky häzirki meseleleri, hususan-da parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak we ýaşyl energiýany ösdürmek boýunça çäreleri ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.

Bu çäre LX International-yň milli we halkara energetika kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek üçin nobatdaky ädim bolar. Bu maslahata gatnaşmak üçin 46 ýurtdan 700-den gowrak wekiliýet hasaba alyndy.

OGT-2023 forumy barada giňişleýin maglumaty ogt-turkmenistan.com web sahypasyndan tapyp bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

Hyundai Engineering Aşgabatda geçiriljek OGT 2024 nebit-gaz forumynyň kümüş hyzmatdaşy boldy
ОТКРЫТА РЕГИСТРАЦИЯ НА МЕЖДУНАРОДНУЮ КОНФЕРЕНЦИЮ И ВЫСТАВКУ НЕФТЬ И ГАЗ ТУРКМЕНИСТАНА 2025
“PEL Ltd” -“OGT 2023” halkara forumynyň altyn derejeli hyzmatdaşy boldy
Schlumberger — Türkmenistanyň nebiti we gazy 2023 halkara forumynyň bürünç hemaýatkäri
Pakistanyň energetika ministri Türkmenistana geler
“Hyundai Engineering” OGT-2023 halkara maslahatynyň bürünç hyzmatdaşy boldy
Türkmenistanyň energiýa pudagy Abu-Dabi şäherindäki ADIPEC-2023 sergisine gatnaşýar