M.Taganow Türkmenistanyň täze adalat ministri wezipesine bellenildi

M.Taganow Türkmenistanyň täze adalat ministri wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň duşenbe güni, Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň barşynda gol çeken Permanyna laýyklykda, ýustisiýanyň 3-nji derejeli döwlet geňeşçisi Begmurat Rahmangulyýewiç Muhamedow, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň adalat ministri wezipesinden boşadyldy. Ol Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ygtyýaryna iberildi.

Türkmenistanyň adalat ministri wezipesine ýustisiýanyň uly geňeşçisi Merettagan Gurbandurdyýewiç Taganow bellenildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Batyr Orazmuhammedowiç Myradow Balkan welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşadylyp, Türkmenistanyň adalat ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň täze Baş prokuroryny belledi
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda