MA hukuk goraýjy guramalarynyň ÝHHG-nyň adam hukuklary baradaky ýyllyk konferensiýasyna beýanaty

1122-nji sentýabr aralygynda Warşawada ÝHHG-nyň adamkärçilik ölçeglerine bagyşlanan ýyllyk konferensiýasy geçirilýär.

“TurkmenYurtTV” saýtynyň maglumatyna görä, Türkmenistanyň resmi delegasiýasy konferensiýanyň açylyş dabrasyna gatnaşmady.

turkmenyurt.tv-niň fotosuraty

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hukuk goraýjy guramalarynyň birnäçesi bu çärä gabat ýazmaça beýanat we ýurtlaryň ýolbaşçylary üçin rekomendasiýalary taýýarlady.

ÝHHG-nyň 2017-nji ýylda adamkärçilik ölçegleri boýunça boýun alnan borçnamalaryň ýerine ýetirilişine bagyşlanan maslahaty üçin ýazmaça beýannama şu aşakdaky guramalar tarapyndan tarapyndan taýýarlanyldy: Adam hukuklary boýunça halkara hyzmatdaşlygy (AHHH, Belgiýa), Gazagystanyň adam hukuklary we kanunçylygyň berjaý edilmegi baradaky halkara býurosy (Gazagystan), “Ligal prosperiti” jemgyýetçilik fondy (Gyrgyzystan), “Nota Bene” jemgyýetçilik fondy, Pamiriň adam hukuklaryny goramak we Ýuristler birleşigi boýunça garaşsyz merkezi (Täjigistan), Adam hukuklary baradaky “Türkmen inisiatiwasy” (AHTI, Türkmenistan, bosgunlykda, Awstriýada ýerleşýär), “Merkezi Aziýada adam hukuklary” birleşigi (Özbegistan, Fransiýadaky syýasy emigrantlar tarapyndan esaslandyrylan).

Merkezi Aziýada raýat jemgyýetleriniň iş-hereket etmek giňişligi ozalkylary ýaly çäklendirilen bolmagynda galýar we geçen ýyl bir topar ugurlarda ýagdaý has-da ýaramazlaşdy.Dowamly ykdysady çökgünligiň we golaýda bolan beýleki wakalaryň fonunda regionyň häkimiýetleri režimiň tankytçylaryny berk ýanamagy we yzarlamagy dowam etdirdiler.

Häkimiýetler tarapyndan gurnalýan, aýdaly, Gazagystandaky EKSPO we Türkmenistandaky “Aziada” ýaly halkara çäreleri basyşlary gowşatmaga däl-de, eýsem tankydy meýilleri basyp ýatyrmak üçin has-da güýçlendirilen çäreleri görmäge itergi berdi.

Özbegistanyň täze prezidenti öz mirasdarynyň repressiw praktikasynyň bes edilmegine gönükdirilen käbir çäreleri gördi, emma adam hukuklary pudagynda dowamly reformalary geçirmäge girişmedi.

Gyrgyzystanda 2017-nji ýylyň oktýabrynda geçirilmeli prezident saýlawlarynyň öňüsyrasynda, iş başyndan gidýän prezidentiň öz mirasyny saklap galmak ugrundaky synanyşyklary bilen bagly, söz azatlygy we raýat jemgyýetçiligi çynlakaý hüjüme sezewar edildi.

Täjigistanyň häkimiýetleri milli howpsuzlygyň we durnuklylygyň hatyrasyna esasy adam hukuklaryny çäklendirmegi dowam etdirýärler we bu tendensiýa tutuş regionda hem göze ilýär.

Biz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň häkimiýetlerini raýat jemgyýetçiliginiň iş, hereket giňişligini çäklendirmegi, pikiri parahatçylykly ýagdaýda aýtmak, ýygnanyşmak we birleşmek azatlyklary hukugyna howp-hatar hökmünde garamagy bes etmäge çagyrýarys.

Häkimiýetleriň raýat jemgyýetçiliginiň döwlet syýasatynyň kemçiliklerine ünsi çekýän wekilleriniň pikirlerine gulak asmagy, sem etmäge, dymdyrmaga çalyşman, eýsem olar bilen hyzmatdaşlyk etmegi gerek.

Aşakda biz häzirki wagtda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň her birinde bar bolan esasy problemalary beýan edýäris we bu ýurtlaryň häkimiýetlerine rekomendasiýa-maslahatlarymyzy hödürleýäris.

Türkmenistan

Türkmenistanyň häkimiýetleri Aşgabatda 2017-nji ýylyň sentýabrynda geçirilýän “Aziada” halkara sport ýaryşlarynyň öňüsyrasynda ähli tagallany daşary ýurtly myhmanlaryň gözleriniň öňünde ýurduň at-abraýyna şek ýetrrjek hiç bir zada ýol bermezlige gönükdirdiler. Şunuň bilen baglylykda häkimiýetler raýatlaryň esasy hukuklaryny ozalkysyndan hem beter çäklendirýän çäreleri gördüler.

Prezident döwlet eýeçiligindäki KHBS-niň wezipe-borçlarynyň oňyn wakalary we režimiň gazanan üstünliklerini beýan etmekden ybarat bolup durýandygyny gaýta-gaýta nygtady, şol sanda bu Aziada hem degişli. Bu ýaryşlara görülýän taýýarlyklar ýurduň raýatlary babatynda dürli çäklendirmelere alyp gelen-de bolsa, milli habar serişdelerinde bu ýagdaýlar barada hiç bir habar berilmedi.

Häkimiýetler Aziadanyň myhmanlaryny internete çäksiz we ýokary tizlikdäki eleýeterlilik bilen üpjün etmäge borçlandylar. Emma ýurduň raýatlary üçin internet elýeterliligi çäklendirilen, haýal we gymmat bahaly bolmagynda galýar. Daşary ýurtlaryň habar saýtlarynyň köpüsi, sosial ulgamlardaky saýtlar we internetde maglumat alynmak üçin goşmaçalar, ozalkylary ýaly, petiklenýär.

Prezident geçen ýylyň oktýabrynda eden bir beýanatynda Aziada wagtynda internet ulgamlarynda “ýalan” maglumatlaryň ýaýradylmagynyň öňüni almaga çagyrdy.Bu çagyryş howpsuzlyk organlarynyň häkimiýetleriň garşysyna tankydy mazmuny bolan maglumatlaryň öňüni baglamak ugrunda görýän çäreleriniň has-da güýçlendirilmegine alyp geldi.

Sosial ulgamlardaky pikir alyşmalara gatnaşanlaryndan soň, internet ulanyjylary soraga çagyrdylar we olaryň bu saýtlary peýdalanmaly däldigi, ýogsa tussag edilmek, ýurtdan çykmak gadaganlygyna düşmek, işden kowulmak we beýleki jeza çäreleri bilen ýüzbe-ýüz bolmak ähtimallygy duýduryldy.

Şeýle-de häkimiýetler daşary ýurt telewizion we radio kanallaryndan maglumat almak üçin ulanylýan hususy satalit antennalaryny mejbury ýagdaýda sökdürip aýyrdyrmagy dowam etdiler, ýaşajylaryň “Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Türkmen gullugynyň gepleşiklerini diňlemegini bes etmekleri üçin, olar gorkuzdylar.

Bu radionyň habarçylarynyň we häkimiýeti tankyt edýän beýleki adamlaryň garşysyna täze ýanama çäreleri görüldi.AÝ/AR-nyň habarçysy Hudaýberdi Allaşow we onuň ejesi 2017-nji ýylyň fewralynda nas saklamakda aýyplanyp, şertli 3 ýyl türme tussaglygyna höküm edilenlerinden soň, hukuk goraýjy organlaryň gözegçiligi astynda saklanýar.

Bu işde adam gynamalaryna ýol berlendigi barada aýdylanlar degişli derejede derňelmedi.garaşsyz žurnalist Saparmämmet Nepesgulyýew 2015-nji ýylyň awgustynda gadagan edilen neşe maddasyny ýanynda saklandygy üçin günäli tapylaly bäri, şindi hem türmede saklanylýar.

Öz pikirini açyk aýdýan we AHTI bilen hyzmatdaşlyk saklaýan raýat jemgyýeti aktiwisti Natalýa Şabunts soňky wagtlarda hemişe gözegçilik astynda saklanylýar, 2017-nji ýylyň awgustynda bolsa köçede tanalmaýan aýallar tarapyndan tarapynda hüjüme sezewar edildi, olar oňa jynsparaz mazmunly, masgaralaýjy sözleri aýdyp, üstüne gygyryp, ýurtdan gitmegini talap etdiler.

AÝ/AR-nyň habarçysy Soltan Açylowa geçen ýyl birnäçe hüjüme hem-de gorkuzmalara sezewar edildi. 2017-nji ýylyň iýulynda ol ençeme gezek gorkuzmalara, fotosurat almagyna ýol bermezlik synanyşygy esasynda görlen gödek daraşmalara sezewar boldy.

Häkimiýetler döwlet edaralarynyň işgärlerini, döwlete garaşly jemgyýetçilik guramalarynyň işgärlerini, studentleri we beýleki ýaşaýjylary dürli köpçülik çärelerine we şeýle çäreleri geçirmäge taýýarlyk üçin guralýan repetisiýalara gatnaşmaga mobilizlemegi, mejbury zähmeti dowam etdirýärler. Mysal üçin, ýaşaýjylary Aziada ýaryşlary bilen bagly dabaraly çärelere gatnaşmak üçin mejbury ýagdaýda toplaýarlar.

Rekomendasiýalar

Türkmenistanyň häkimiýetleriniň etmeli işleri:

KHBS-de plýuralizme ýol açmaly we döwlet senzurasyny, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň redaksion syýasatyna gatyşmagy bes etmeli.

Internete uniwersal, gymmat bolmadyk we üznüksiz elýetrliligi üpjün etmeli we websaýtlara elýeterliligi eden-etdilikli baglamak praktikasyndan saklanmaly.

Satalit antennalarynyň mejbury sökdürilmegini bes etmeli we sosial ulgamlary ulanyjylary, AÝ/AR-nyň diňleýjilerini we daşary ýurtlardaky alternatiw habar serişdelerinden maglumat almaga çalyşýan beýleki adamlary gorkuzmakdan el çekmeli.

Garaşsyz žurnalistleri, raýat jemgyýetiniň aktiwistlerini we tankydy çykyş edýän beýleki adamlary ýanamagy bes etmeli; günäkärleri jogapkärçilige çekmek üçin şeýle adamlaryň aýan edilen ýanama faktlarynyň ählisi boýunça hemme taraply derňew geçirmeli; öz esasy hukuklaryny ulanandygy sebäpli tussag edilen adamlaryň ählisini azat etmeli.

Ýaşaýjylary köpçülik çärelerine gatnaşdyrmak üçin mejbury ýagdaýda toplamak, mobilizlemek praktikasyny bes etmeli.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisi babatdaky doly beýanaty okamak üçin şu salgydan peýdalanyp bilersiňiz.

GoogleDrive salgy.

Ýene degişli makalalar

29-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Niderlandlaryň medeniýeti
Koş Tepa kanalynyň gurluşygy serhetaşa derýalardan peýdalanmagyň halkara kadalaryna ünsi çekýär
Türkmenistan Türkiýä ynsanperwer kömegini berdi, Azat Dönmezow Moskwa oblastynda konsert berer, Özbegistan Türkmenistana 20 sany tiz kömek awtoulagyny iberdi
Türkmenistanyň ilçisi Owganystan boýunça Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarlarynyň duşuşygyna gatnaşdy, Türkmenistanda Eýranyň Medeniýet günleri geçiriler, fewralyň ilkinji gary we beýleki habarlar
Turkish airlines Türkiýäniň ejir çeken...