Türkmen howa ýollary Moskwa uçuşlaryň möçberini artdyrar, Türkmenistana ýakyn wagtda yssy günler gaýdyp geler, Balkan welaýatynda täze prokuratura binasyny gurmak meýilleşdirilýär we beýleki habarlar

Türkmen howa ýollary Moskwa uçuşlaryň möçberini artdyrar, Türkmenistana ýakyn wagtda yssy günler gaýdyp geler, Balkan welaýatynda täze prokuratura binasyny gurmak meýilleşdirilýär we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistan awiakompaniýasy apreliň aýagyndan başlap, Aşgabatdan Moskwa hepdede dört gezege çenli uçar. Muny awiakompaniýanyň resmi saýtyndaky awiapetekleriň satuwy baradaky maglumatlar hem subut edýär. Indi Aşgabatdan Moskwa uçuşlar sişenbe, çarşenbe, anna we şenbe günleri amala aşyrylar. ozal awiakompaniýa Moskwa hepdede üç gezek uçýardy.

2. Öňümizdäki hepdäniň başynda Türkmenistanyň çägindäki howany Russiýanyň Ýewropa sebitlerindäki antisiklon kesgitlär. Bilermenler dynç günlerinde 33 38 gradus derejeli yssy howanyň gaýdyp geljekdigini çaklaýarlar. Şeýle hem kä ýerlerde ýelli howa bolmagynyň mümkindigi bellenilýär.

3. Eýran-türkmen serhedinde ýerleşýän Sarahs terminalynda şu ýylyň 21-nji martyndan 19-njy fewralyna çenli aralykda demir ýol arkaly üstaşyr ýük daşamalarynyň iň ýokary möçberi hasaba alyndy. Bu terminal arkaly demir ýoly boýunça umumylykda 737 000 tonna daşary ýurt harytlary daşaldy.

4. Balkan welaýatynda Esenguly etrap prokuraturasynyň täze dolandyryş binasyny gurmak meýilleşdirilýär. Şonuň bilen baglylykda, Balkan welaýat häkimligi binanyň gurluşygy boýunça bäsleşik yglan etdi. Türkmenistanda resmi taýdan hasaba alnan kärhanalar we kompaniýalar bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar.

5. Hazar deňziniň türkmen kenarynda ýerleşýän Uzynada ýatagyndaky taslama çuňlugy 6800 metre deň bolan 16-njy barlag guýusynda burawlaýyş işleri alnyp barylýar. Häzirki günde eýýäm 5000 metrden gowrak çuňluk üstünlikli burawlandy. Eýýäm birnäçe ýyl bäri Uzynada nebitgaz ýatagynda barlag guýularyny burawlamak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şu ýerde hem Türkmenistandaky ilkinji has çuň guýularda burawlaýyş işleri geçirilipdi.

Dünýäde

6. Uzbekistan Airways awiakompaniýasy Daşkentden Tokio uçuşlary dikeltdi. Özbegistandan Ýaponiýa göni howa gatnawlary hepdede bir gezek penşenbe günleri amala aşyrylar. Daşkentden Tokio awiapetekleriň bahasy, takmynan, $540 deňdir. Awiapetekleri awiakompaniýanyň uzairways.com resmi saýtynda satyn almak mümkindir.

7.SEGA kompaniýasy Angry Birds ykjam oýunlary bilen meşhurlyk gazanan Rovio Entertainment studiýasyny satyn aljakdygyny yglan etdi. Şertnamanyň bahasy 776 mln dollara golaýdyr.SEGA we Rovio-nyň birleşmek mümkinçiligi barada ilkinji gezek 15-nji aprelde mälim bolupdy.

Emma şol wagt KHBS şertnamanyň bahasynyň bir milliard dollara ýetip biljekdigini belläpdiler.SEGA-nyň bellemegine görä, ol Rovio-ny satyn almak bilen ykjam programmalaryň bazarynda öz täsirini güýçlendirmege ymtylýar.

Sport habarlary

8. Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň agzalary Gruziýada okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýärler. Türkmenistanyň topary Bakuriani şäherçesindäki toplumda ýerleşdi. Türkmenistanyň milli ýygyndysy maý aýynda Koreýa Respublikasynda badalga aljak agyr atletika boýunça Aziýa çempionatyna taýýarlyk görýär.

9. Hokkeý boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Keýptauna geldi. Türkmen hokkeýçileriniň gatnaşmaklarynda duşuşyklar A toparçanyň üçünji saýlama tapgyrynda geçirilýär. Ýaryş 17 23-nji aprel aralygynda geçirilýär. B toparçanyň ikinji diwizionyna gatnaşmak üçin 5 topar özara bäsleşer: Lýuksemburg, Tailand, Taýwan, Türkmenistan we GAR.

10. Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 2023-nji möwsüminde ýokary liganyň 2-nji tapgyrynyň maksatnamasy sişenbe we çarşenbe günlerindäki dört sany duşuşygy öz içine alar. Bu tapgyrda Nebitçi Şagadam, Energetik Köpetdag, Arkadag Merw и Ahal Altyn asyr duşuşyklary geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Amitabh Baççan Mugallyma atly rus filminiň hindi nusgasynda surata düşer
Dünýäde iň uly kinoteatrlar ulgamy bitkoine petek satyp başlar
“Netflix” üçin kino surata düşürer
E3 2021 sergisiniň doly meýilnamasy yglan edildi
Kosmosda MMA söweşleri geçirilip başlanar
2020-nji ýylyň iň gowy oýun neşir edijileri yglan edildi