Mähirli gutlaglar

Mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha Kuweýt Döwletiniň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Emir Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Kuweýt Döwletiniň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de abadançylyk arzuw etdi.

***

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana şanly 70 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Köp ýyllaryň dowamynda dürli ýokary döwlet wezipelerinde zähmet çekmek bilen, Siz ýurduňyzy yzygiderli ösdürmäge, halkyňyzyň bähbitlerini goramaga, milli strategiýalary we maksatnamalary durmuşa geçirmäge uly üns berýärsiňiz. Siziň öňdengörüjilikli baştutanlygyňyzda Türkiýe Respublikasy häzirki wagtda sebitde hem-de onuň daşynda mynasyp hormata, abraýa eýe boldy, ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge mynasyp goşant goşýar diýlip, hatda bellenilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, ähli türkmen halkynyň adyndan Prezident Rejep Taýyp Ärdogany bu ýokary adyň dakylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, bagtyýarlyk, maşgala abadançylygyny, Türkiýe Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

29.06.2018 | MILLI LIDERIMIZIŇ BELENT MAKSADY
06.02.2019 | Açyk gapylar we oňyn bitaraplyk syýasaty
Açyk gapylar we oňyn bitaraplyk syýasaty
Türkmenistan Arap ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyny has-da berkidýär
15.03.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden
07.06.2019 | Döwlet Baştutanynyň adyna hatlar gelip gowuşdy