Mämmethan Çakyýew: Türkmenistan daşary ýurt maýadarlary hyzmatdaşlyga çagyrýar

Mämmethan Çakyýew: Türkmenistan daşary ýurt maýadarlary hyzmatdaşlyga çagyrýar

Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň anyk maýa goýum tekliplerine seretmäge taýýar diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Çakyýew çarşenbe güni Aşgabatda geçirilýän “Türkmentel2025” ylmy maslahatynda aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. Wise-premýeriň bellemegine görä, taslamalar Türkmenistanyň alyp barýan “açyk gapylar” syýasatynyň çäklerinde, özara bähbitli hem-de deňhukukly şertlerde amala aşyrylar.

Türkmenistanyň üstaşyr- ulag mümkinçilikleri barada aýdyp, Mämmethan Çakyýew ýurduň amatly geo-ykdysady ýerleşişi sebäpli “GündogarGünbatar” hem-de “DemirgazykGünorta” ugurlary boýunça infrastrukturasyny işjeň ösdürýändigini nygtady. Onuň sözlerine görä, bu taslamalar Ýewraziýa giňişliginde halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Wise-premýer şeýle hem sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň ähmiýetine ünsi çekdi. Ol “Elektron hökümet” ulgamyny ornaşdyrmak, emeli aň we bulut tehnologiýalary ösdürmek, ýokary derjeli hünärmenleri taýýarlamak hem-de innowasion çözgütleri milli aragatnaşyk ulgamyna ornaşdyrmak meseleleriniň ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýandygyny belledi.

“Türkmentel2025” halkara sergisi we ylmy maslahaty 2025-nji ýylyň 14-nji noýabryna çenli dowam eder.

Ýene degişli makalalar

14-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Russiýa Türkmenistanyň Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesi hakynda Ylalaşyga goşulmagyny tassyklady
Aşgabatda ITTC-2024 halkara forumy öz işine başlady
Aşgabatda Turkmentel-2024 halkara maslahaty öz işine başlady
Serdar Berdimuhamedow kiberhowpsuzlyk hünärmenleriniň taýýarlanylmagyna ünsi çekdi
Ulag pudagynda türkmen-owgan hyzmatdaşlygy boýunça duşuşyk geçirildi