Häzirki wagtda maglumat tehnologiýalary döwlet guramalarynyň, kompaniýalaryň, telekeçiligi ýöretmegiň we akylly şäherleri ösdürmegiň aýrylmaz bölegidir.Döwrüň talaplaryna laýyklykda ýurdumyzda 2019 2025-nji ýyllar üçin Sanly ykdysadyýeti ösdürmek konsepsiýasy yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Her ýyl geçirilýän Türkmentel atly telekommunikasiýalar, telemetriýa, maglumat tehnologiýalary we ýaýlym enjamlary boýunça halkara sergisi ýurdumyzda telekommunikasiýalar pudagynyň täzelikleri hem-de ugurlary bilen tanyşmaga uly mümkinçilikleri döredýär.Bu halkara forum sebitiň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalar ulgamynda möhüm ähmiýete eýe bolup, ýokary tehnologiýalar, innowasiýalar ugrunda özara pikirleri, tejribeleri we iň täze gazanylanlary alyşmak üçin amatly meýdançany hödürleýär. Üstümizdäki ýylda hem 1416-njy noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda telekommunikasiýa, telemetriýa, maglumat tehnologiýalary we teleradio enjamlary boýunça Türkmentel-2024 atly XVII Halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler.
Halkara foruma Türkmenistandan we daşary döwletlerden alymlar, bilermenler hem-de halkara guramalaryň wekilleri gatnaşarlar.Sanly ösüş ulgamynda gazanylanlary görkezmek we öňde durýan maksatlary maslahatlaşmak, telekommunikasiýalaryň, hemra tehnologiýalaryň we kiberhowpsuzlygyň geljegi forumyň esasy maksatlarydyr. Çäräniň çäklerinde Sanly çözgüt-2024 atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy hem geçiriler.
Arslan SEÝIDOW, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy. /* custom css */ .td_uid_15_672f511443b39_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_672f511443b39_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }