Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary rus dili boýunça halkara olimpiadada baýrakly orunlary eýelediler

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary rus dili boýunça halkara olimpiadada baýrakly orunlary eýelediler

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary Russiýa Federasiýasynyň B.B.Gorodowikow adyndaky Galmyk döwlet uniwersiteti tarapyndan Rus dili we ülkäni öwreniş dersinden onlaýn görnüşinde halkara olimpiadada üstünlikli çykyş etdiler.

Uniwersitetiň rus dili we edebiýaty fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Oguldursun Akmuhammedowa hormatly 1-nji orny eýeläp, olimpiadanyň ýeňijileriniň hataryna girdi. Şeýle hem şol fakultetiň talyplary halkara bäsleşiginde 2-nji orunlara mynasyp boldular.

Olimpiadanyň dowamynda türkmen talyplary rus dili, taryh we edebiýat boýunça çuňňur bilimlerini, şeýle hem öz hünär ugurlaryndaky ýokary taýýarlyk derejesini görkezdiler.Olar rus dili we edebiýaty fakultetiniň mugallymy Jennet Şamyýewanyň ýolbaşçylygynda taýýarlanyp, onuň bäsleşige taýýarlyk işine goşan uly goşandy üstünlikli netijelerde öz beýanyny tapdy.

Türkmen talyplarynyň bu halkara olimpiadasyna gatnaşmagy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen B.B.Gorodowikow adyndaky Galmyk döwlet uniwersitetiniň arasynda baglaşylan özara hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamanyň çäklerinde amala aşyryldy. Şu ýyl geçirilen olimpiada Hytaýdan, Mongoliýadan, Wýetnamdan, Taýlanddan, Türkiýeden, Eýrandan, Yrakdan, Siriýadan, Afrika ýurtlaryndan, Gazagystandan we Türkmenistandan 200-den gowrak zehinli talyp gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Aşgabadyň prokuroryny paýtagtyň Köpetdag etrabynyň häkimligine geçirdiler
19.10.2017 | Döwlet Baştutanymyz käbir ýobaşçylary wezipelere belledi
Döwlet Baştutanymyz käbir ýobaşçylary wezipelere belledi