Magtymguly Pyragy atly film Daşkentde Oltin Humo 2025 atly milli kinobaýragyň ýeňijisi boldy

Magtymguly Pyragy atly film Daşkentde Oltin Humo  2025 atly milli kinobaýragyň ýeňijisi boldy

17-nji dekabrda Daşkent şäherinde Özbegistan Respublikasynyň Kinematografiýa agentliginiň hem-de Özbegistanyň Kino işgärleriniň döredijilik birleşiginiň goldaw bermeginde guralan Живая история (Janly taryh) atly halkara kinoforumy tamamlandy.Bu çäre dünýäniň 20-ä golaý ýurdundan, şol sanda Russiýadan, Ýaponiýadan, Gazagystandan, Türkmenistandan, Türkiýeden, Hytaýdan, ABŞ-dan, Fransiýadan we beýleki döwletlerden režisýorlary, prodýuserleri we hünärmenleri bir ýere jemläp, kino ulgamynda öňdebaryjy halkara forumlarynyň biri hökmünde öz derejesini tassyklady.

Türkmenistanyň wekiliýeti forumda hünärmenler jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döreden milli kino taslamalaryny hödürledi.Geçirilen çekişmeleriň dowamynda taryhy we medeni mirasa täzeçe garamagy, şeýle hem kino we animasiýa pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Forumyň jemleri boýunça halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek we häzirki zaman sanly tehnologiýalaryny ulanmak arkaly bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak barada ähtnamalara gol çekildi.Forumyň iň esasy wakasy Özbegistanyň Milli kinosungaty köşgünde geçirilen Oltin Humo 2025 atly milli kinobaýragy gowşuryş dabarasy boldy.

Türkmen we özbek kinematografiýaçylarynyň bilelikdäki tagallalary bilen surata düşürilen Magtymguly Pyragy atly çeper film Iň oňat film diýen ýokary baha mynasyp boldy, şeýle hem iň oňat grim we lybaslar üçin baýraklary eýeledi.

Filmiň režisýory Muzaffar Erkinow bu eseriň üstünde işlemegiň iki halkyň ruhy ýakynlygyny we gymmatlyklaryna bolan düşünjeleri has-da berkitjekdigini belledi.Gündogaryň beýik akyldar şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan bu kinotaslama Özbegistanyň Kinematografiýa agentliginiň, Oguz han adyndaky Türkmenfilm birleşiginiň hem-de Milli kinematografiýany ösdürmek boýunça merkeziniň goldawy bilen amala aşyryldy.

Filmde Türkmenistanyň öňdebaryjy artistleri surata düşdüler.Bu filmiň Aşgabatda, Bolgariýada, Kazanda, Türkiýede, Londonda geçirilen halkara festiwallaryndaky üstünlikleri, şeýle hem Nýu-Ýork, Barselona, Izmir we beýleki şäherlerde görkezilmegi Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky mizemez dostlukly gatnaşyklaryň subutnamasydyr.

Bu giň gerimli kinotaslama iki ýurduň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň we ruhy doganlygyň aýdyň nusgasyna öwrülip, sebit kinematografiýasynyň häzirki zaman ösüşinde dostlugy we özara düşünişmegi has-da berkitdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
“Halkara jemgyýetçiligi Ysraýylyň sebitiň durnuklylygyna howp salýan hereketlerine çäre görmeli"
Özbek kinoçylary Magtymguly hakda film düşürmek üçin Türkmenistana geldi
Gorkut ata halkara kinofestiwalynda Magtymguly baradaky türkmen-özbek filmi görkeziler
Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt raýatlaryny Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna ýubileý medaly bilen sylaglady