Özbek kinoçylary Magtymguly hakda film düşürmek üçin Türkmenistana geldi

Özbek kinoçylary Magtymguly hakda film düşürmek üçin Türkmenistana geldi

Şu günler Özbegistanyň kinematograflary Türkmenistanda Magtymguly baradaky filmi surata düşürýärler. Şu maksat bilen režissýor Muzafarhan Erkinowyň ýolbaşçylygyndaky döredijilik topary Türkmenistanda iş saparynda bolýar.

HHM-niň habar bermegine görä, filmiň surata düşürilişini Oguz han adyndaky Türkmenfilm birleşigi bilen Özbegistanyň kinematografiýasynyň Milli ösüş merkezi bilelikde alyp barýarlar. Surata düşürilişe türkmen we özbek aktýorlary gatnaşýar. Filmiň baş gahrymany Magtymgulynyň keşbi türkmen aktýory Ahmet Amandurdyýewe ynanyldy.

Habarda bellenilişi ýaly, 29-njy iýuna çenli filmiň surata düşürilişi Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň ajaýyp ýerlerinde we Guryhowdan diýen sebitde alnyp barlar. Soňra kinematograflar filmiň esasy böleklerini öz ýurtlarynyň — Özbegistanyň Buhara we Hywa şäherlerinde dowam etdirerler.

Filmiň edebi esasyny ýazmak Örä Daşgynowa we Rahymberdi Annagulyýewe ynanyldy. Filmde Türkmenistanyň halk artisti Çary Berdiýew (Azadynyň keşbinde), Döwlet Berdiýew, Muhammetguly Kasymow, şeýle-de Orazgeldi Durdyýew ýaly zahinli aktýorlar dürli keşpleri janlandyrýarlar diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Gorkut ata halkara kinofestiwalynda Magtymguly baradaky türkmen-özbek filmi görkeziler
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Magtymguly Pyragy atly film Daşkentde Oltin Humo 2025 atly milli kinobaýragyň ýeňijisi boldy
Türkmenistanda Binýat atly täze film tomaşaçylara görkeziler
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary