Magtymguly Pyragy söz şalygynyň soltany atly şygryýet bäsleşigi

Magtymguly Pyragy  söz şalygynyň soltany atly şygryýet bäsleşigi

Lebap welaýat çagalar kitaphanasynyň gurnamagynda Türkmenabat şäheriniň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda Magtymguly Pyragy söz şalygynyň soltany atly şygryýet bäsleşigi geçirildi.Welaýat kitaphanasynda geçirilen bäsleşige çeper döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar uly höwes bilen gatnaşdylar.

Bäsleşigiň başlangyç tapgyrynda olaryň döreden goşgulary toplanyp, alnyp, eminler tarapyndan seljerildi.Welaýat kitaphanasynda geçirilen esasy tapgyrynda bolsa okuwçylar eminleriň beren ýumuşlaryny ýerine ýetirip, gysga wagtyň içinde şygyr setirlerini döretmek başarnygyny görkezdiler.

Bäsleşikde ýeňiji bolan okyjylara baýraklar gowşuryldy.

Bäsleşigiň çäklerinde Akyl dünýäsiniň sönmez çyragy atly kitap sergisi hem guraldy. Bäsleşige gatnaşyjylar döretmäge we okamaga döredilýän giň mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Ýaşlyk joşguny
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty Startap, täjirçilik pikiri we taslamasy atly bäsleşik geçirýär
Ýaş ussat ýerine ýetiriji we sazanda mugallymlaryň üstünlikleri
28-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki desgalaryň 42-si satuwa çykarylýar
Aşgabadyň okuw merkezleriniň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça bäsleşik geçirildi