Magtymguly Pyragy şygryýetiň çyragy

Magtymguly Pyragy  şygryýetiň çyragy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy, Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Magtymguly Pyragy şygryýetiň çyragy ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ajaýyp döredijiligi asyrlaryň dowamynda türkmen edebiýatynyň genji-hazynasy bolup, şahyryň öwüt-ündewe ýugrulan şygyrlary agzybirlik, edep-terbiýe, watansöýüjilik, mertebelilik, halallyk ýaly häsiýetleriniň beýan edilýändigi, onuň her bir şygry ynsanyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýandygy, şeýle-de ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde, olaryň ýagşy gylyk-häsiýetli bolup ýetişmeginde şahyryň goşgulary gymmatly gollanma bolup durýandygy hakynda gürrüň berdiler.

Mundan başga-da häzirki wagtda ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň mertebesi has-da belende göterilip dünýä ýüzünde tanalmagy, onuň goşgularynyň uly söýgi bilen okalýandygy hem-de aýdym edip aýdylýandygy barada buýsanç bilen belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Merdana pederlerimiziň edermenligi nesilleriň kalbynda
Behişdi bedewlerimize belent sarpa
Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň milli we edebi mirasynda
“Kanunym hem baýdagym asudalygym hem buýsanjym”
“Konstitusiýa we Baýdak-mizemez mukaddeslikler”
Moskwadaky Ýeňiş parady Aşgabatda togtadylan dekolonizasiýa prosesiniň 'gulagyny şaňlatdy'