Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň milli we edebi mirasynda

Magtymguly Pyragy  türkmen halkynyň milli we edebi mirasynda

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň we Türkmenhowaýollary gullugynyň howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly mynasybetli, Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň milli we edebi mirasynda atly Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň göçme kitap sergisi gurnaldy.

Göçme kitap sergisinde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuş mekdebi bolan ajaýyp eserleri, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp ýazylan täze edebiýatlar giňişleýin kitap sergisinde ýerleşdirildi.

Biziň bilişimiz ýaly, Magtymguly atamyzyň arzuw eden ajaýyp döwri Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda hasyl boldy.

Döwletimiz Berkarar, döwrümiz bagtyýar. Bu gün ady dünýä dolan eziz Watanymyz gün-günden ösýär we öňe gidýär. Her bir setiri nakyla öwrülen umumyadamzat şahyry Magtymguly Pyragynyň dürdäne eserleri ýaş nesillerimizi watansöýüji, arassa ahlakly, zähmetsöýer edip terbiýelemekde ajaýyp durmuş mekdebidir.

Sergä gatnaşyjy talyplar we mugallymlar bize ajaýyp durmuşy bagyş eden Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli beýik işleriniň, täze başlangyçlarynyň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Göçme howa goranyş ulgamy SUNGUR TÝG-niň düzümine goşuldy
Parahatçylygyň ýaş çaparlary akyl-paýhas bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy şäherindäki köpugurly hassahananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Türkiýe, Ukraina Häzire Çenli 67 Konteýnerlik Insanperwer Kömegini Berdi
Aşgabatdaky Päk service kärhanasy öý esbaplaryny gysga wagtda göçürmek hyzmatyny ýerine ýetirýär
Türkmenistandan göçýän köpelýär. Rus ilçihanasy uçar nobatynyň ýazgysyny togtatdy