Magtymguly Pyragynyň goşgulary — asylly terbiýäniň çeşmesi

Magtymguly Pyragynyň goşgulary — asylly terbiýäniň çeşmesi

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Gökderäniň Demirýolçy çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda Magtymguly Pyragynyň goşgulary — asylly terbiýäniň çeşmesi ady bilen dabara geçirildi.

Türkmen halkynyň nusgawy edebiýatynyň görnükli şahyry Magtymguly Pyragynyň umman ýaly edebi mirasy bahasyna ýetip bolmajak gymmatly gollanma bolup durýar.Dabaranyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň ahlak, terbiýe, ynsanperwerlik, adamkärçilik hakyndaky şygyrlary, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem uly ähmiýete eýedigi barada bellenilip geçildi.

Bularyň ata-babalarymyzyň nusgalyk ýol-ýörelgelerini, ajaýyp gylyk-häsiýetlerini, däp-dessurlaryny ösüp gelýän ýaş nesillere öwretmekde uly terbiýe mekdebi bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Lebapda welaýatara taksileriň kireý nyrhlary dört aýda 70% gymmatlady
Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri mälim edildi
Türkmenistan deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär
Türkmen wekiliýeti Duşenbe şäherinde geçiriljek ýokary derejeli maslahata gatnaşar
Norwegiýada Demirýol Köprüsi Aşa Köp Ýagýan Ýagyşlar Sebäpli Ýykyldy
Özbegistan Hazar deňzinde öz gämileriniň bolmagyna gyzyklanma bildirýär