Türkmenistan deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär

Türkmenistan deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär

Duşanbe şäherinde Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe ulag geçelgesi boýunça Iş toparynyň ilkinji maslahaty geçirildi. Maslahata Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy (ECO) ýolbaşçylyk etdi diýip, Özbegistanyň Ulag ministrligi habar berdi.

21-nji sentýabrda geçirilen duşuşykda ýük daşamalaryny artdyrmak we söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek, hususan-da, deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin halkara üstaşyr geçişi ösdürmek we höweslendirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Belläp geçsek, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň ulag ministrleriniň 11-nji mejlisinde kabul edilen Ankara Jarnamasyna laýyklykda, Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe multimodal ulag geçelgesini ösdürmek boýunça taslamanyň maksatnamasyny işläp taýýarlamak barada ylalaşyk gazanylypdy.

Ozal habar berşimiz ýaly, mejlisde türkmen taraňyndan Demirýollary açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bölüm müdiri Begli Söýünow hem-de Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bölüm müdiri Aýmyrat Şiriýew wekilçilik etdi.

Bu ulag geçelgesi Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar sebitiniň üsti bilen Hytaýy Türkiýe bile baglanyşdyrar. Şunuň bilen baglylykda, Täjigistan Özbegistan Türkmenistan Eýran Türkiýe täze multimodal ulag geçelgesi ýük dolanyşygynda dürli ulag serişdelelerini, şol sanda demir ýol, awtomobil, deňiz we howa ulaglaryny ulanmagy göz öňünde tutýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti Duşenbe şäherinde geçiriljek ýokary derejeli maslahata gatnaşar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň arasyndaky bäseşigiň 2021-nji ýyldaky ýeňijileri belli boldy
Özüňden öneniň bary özüňki…
Innowasiýalara esaslanýan ykdysadyýet
Türkmenistanda öndürilen’ SmartTV üç sagatdan soň öçdi’