Magtymguly Pyragynyň öwüt-nesihat goşgularyna bagyşlanan Bagşy joşa gelende atly gepleşik

Magtymguly Pyragynyň öwüt-nesihat goşgularyna bagyşlanan Bagşy joşa gelende atly gepleşik

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýanyň milli muzeýinde Miras teleýaýlymy bilen bilelikde Bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň halypa mugallymy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Rejepdurdy Begenjow bilen saz-söhbetli gepleşik ýazy edildi.

Gepleşikde Magtymguly Pyragynyň eserlerinden öwüt-nesihat berýän goşgulary barada gürrüňdeşlik geçirilip, watanymyzyň ýaşlaryna edepli, göreldeli, ilhalar ýaşlar bolmagyny ündew edilip akyldar şahyryň goşgularyny okamaklygy bellenilip geçildi.Gepleşigiň dowamynda halypa Rejepdurdy Begenjow akyldar şahyrymyzyň Rowan boldy, Galar, Näbilsin atly aýdymlaryny ýerine ýetirdi.

Saz-söhbetli gepleşigiň ahyrynda okamaga, öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň hepdeligi
Hally bagşynyň doglan gününiň 165-ýyllygy
Magtymguly, waspyň dillerde dessan
Gündogar - inçe syrlarynyň dünýäsi atly dabaraly konserti
Türkmenistanly pälwanlar Rumyniýada erkin göreş boýunça geçirilen halkara ýaryşda medallara mynasyp boldular
Aşgabatda tennis boýunça Türkmenistanyň ýygyndysyna saýlama ýaryş geçirildi