Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şygryýet äleminiň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhas ummanyna ýokary sarpa goýup, şahyryň pelsepe ummanyny öz ruhy dünýäsine siňdirip, öz eserlerinde täze pikirler, döwrebap garaýyşlar bilen dabaralandyrylýar.
Munuň özi Magtymgulynyň şygyrlarynyň pelsepesine düşünmäge çemeleşmegiň öňki ýörelgelerden tapawutlanýan täze döwriniň altyn derwezelerini açdy.Beýik akyldarlaryň ylham eleginden eýlenip çykan dürdäne eserleri ynsan köňlüne galkynmak, gurmak, döretmek, ösüp-örňemek ýaly pederlerimiziň mukaddes pentlerini ornaşdyrdy.
Munuň özi beýik söz ussatlarynyň döredijilikleriniň milli-ruhy manydaky taryhy hyzmatydyr.Gahryman Arkadagymyzyň akyldar şahyrymyzyň bitiren beýik hyzmatyna ýokary baha berip, şeýle belleýär: “Magtymguly türkmeniň kalbyna iň beýik ynanç, aňyna bolsa durmuşyň ýagşysyny-ýamanyny hatasyz seljerýän mähek daşy, göreçlerine öçmejek nur bolup çaýyldy”.
Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Magtymguly Pyragynyň eserleriniň ajaýyp setirleri indi diňe bir biziň halkymyzyň däl, eýsem, adamzadyň şirin zybanyňda nakyl, pähim, dessan bolup ýaňlanýar.Ýaňy ýakynda Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ýurdymyzyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Medeniýet sungatyň öçmez çyragy- arzuwlan zamanaň geldi, Pyragy!” ady bilen baýramçylyk sergisi gurnaldy.
Serginiň açylyş dabarasyna tanymal medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri, bilim ulgamynyň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.Dabarada çykyş edenler türkmen halkynyň şöhratly taryhyny şöhlelendirýän milli mirasymyz, ony öwrenmek, gorap saklamak we nesillere geçirmek boýunça Diýarymyzda alynyp barylýan tutumly işler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwriniň belent ruhy, onuň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at myradyň mekany” ýylynyň mazmuny bilen sazlaşygy barada aýratyn belläp geçdiler. Şeýle hem çykyşlaryň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, medeni we edebi mirasynyň baý mazmuny açyp görkezýän ajaýyp eserleri barda buýsançly söhbetler edildi.
Sergide milli medeniýetimize degişli muzeý gymmatlyklarymyzyň, nakgaşlaryň täze döreden eserleriň, türkmen milli saz gurallarynyň, amaly-haşam işleriniň, Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň golýazmalarynyň, Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň ýerleşdirilmegi bu ýere ýygnanan ildeşlerimizi halkymyzyň ruhy dünýäsine seýle çykardy.
Bize medeniýet ulgamynda, döwrebap muzeýlerde döredijilikli zähmet çekip, milli mirasymyzyň müň dürli öwüşginlerini halkymyzyň arasynda wagyz etmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara ýar bolsyn!
Türkmen medeniýetiniň şanyna toýlanýan toýlar gutly bolsun!Gülsere Nurmyradowa Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň usulçysy.
