TÝL ― 2022: Ahal bilen Köpetdag deňme-deň oýnady

TÝL ― 2022: Ahal bilen Köpetdag deňme-deň oýnady

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 26-njy tapgyrynda Ahal Köpetdag bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady. Duşuşyk paýtagtdaky Nusaý stadionynda geçirildi.

Duşuşykdaky ilkinji goly 33-nji minutda Ahalyň goragçysy Şöhrat Söýünow öz derwezesine geçirdi. Ahal 51-nji minutda Selim Nurmyradowyň geçiren goly bilen hasaby deňledi.

Şeýlelikde, Mergen Orazowyň şägirtleri 26-njy duşuşygynda 70-nji utugyny gazandy.

Ahalyň eýäm 25-nji tapgyrdan soň çempionlygyny yglan edendigini ýatladýarys. Türkmennebitönümleri baş müdirliginiň topary şu möwsümde ýeňilmedik ýeke-täk topardyr. Çempionat ýene-de iki tapgyrdan tamamlanar.

Ýene degişli makalalar

TÝL ― 2023: Ahal Merwi uly hasap bilen ýeňdi
TÝL ― 2023: Merwi ýeňen Ahal üçünji orun bilen aralygy 2 utuga çenli ýygyrdy
TÝL ― 2023: möwsümiň 43 goly 11 metrlik jerime urgusyndan geçirildi
TÝL ― 2023: awtogolçularyň özünden bir topar düzüldi
TÝL — 2023: Energetik ýene bir duşuşygyny öňünden geçirmeli bolar
TÝL — 2023: 16-njy tapgyryň bir duşuşygy öňünden geçiriler
TÝL — 2023: 17-nji tapgyryň Energetik — Merw duşuşygyndan soň gyzykly hasaplamalar