TÝL — 2023: Energetik ýene bir duşuşygyny öňünden geçirmeli bolar

TÝL — 2023: Energetik ýene bir duşuşygyny öňünden geçirmeli bolar

Şu günler Marynyň Energetik futbol topary AFK-nyň kubogyn gatnaşýan toparlar bilen geljek tapgyryň duşuşyklaryny öňünden geçirmeli bolýar.

Ýakynda 18-nji tapgyryň duşuşygynda Altyn asyrdan uly hasap bilen (0:3) utulan Energetik ertir — 3-nji sentýabrda Mary derbisinde Merwi kabul etmeli bolar. Bu duşuşyk, aslynda, 17-nji tapgyryň çägindäki duşuşykdyr.

Ýeri gelende bellesek, toparçalaýyn bäsleşigiň birinji tapgyrynda Merw topary myhmançylykda Täjigistanyň Rawşan topary bilen myhmançylykda duşuşar. Bu duşuşygyň 21-nji sentýabrda geçirilýändigini ýatladýarys.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy ertirki duşuşyk barada aşakdaky maglumatlary berýär:

17-nji tapgyryň wagty süýşürilen duşuşygy:

03.09.2023 ý. (ýekşenbe)

Energetik — Merw

Geçirilýän ýeri: Energetik stadiony (Mary.)

Başlanýan wagty: 17:15

Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.), E.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: Ş.Durdyýew (Aşgabat ş.).

Ýene degişli makalalar

TÝL ― 2023: iki tapgyryň çäginde üç duşuşyk geçiriler
TÝL - 2023: möwsüm "Ahalyň" ýeňşi bilen tamamlandy
TÝL ― 2023: Merwi ýeňen Ahal üçünji orun bilen aralygy 2 utuga çenli ýygyrdy
TÝL ― 2023: 25-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
TÝL ― 2023: 18-nji tapgyryň bir duşuşygy öňünden geçiriler
Aşgabat stadionda geçiriljek iki halkara duşuşygy Türkmenistan Sport teleýaýlymy göni ýaýlymda görkezer