Aşgabat stadionda geçiriljek iki halkara duşuşygy Türkmenistan Sport teleýaýlymy göni ýaýlymda görkezer

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Aşgabat köpugurly stadionynda Altyn Asyr bilen Merw futbol toparlarynyň AFK-nyň kubogyndaky duşuşyklary geçirer.

AFK-nyň kubogy 2023/24-iň ikinji tapgyrynyň çäginde Merw Gyrgyzystanyň Abdyş-Ata toparyny kabul eder. Altyn Asyr bolsa Täjigistanyň Rawşany bilen güýç synanyşar.

Merw Abdyş-Ata duşuşygyny 17:00-da, Altyn Asyr Rawşan duşuşygyny bolsa 21:00-da başlanar.

Türkmenistan Sport teleýaýlymy Aşgabat stadionda geçiriljek iki halkara duşuşygyny göni ýaýlymda görkezer.Bu barada www.jankoyer.com.tm saýty habar berýär.Sagat 17:00-da başlaýan Merw Abdyş-Ata duşuşygyny Gyrgyzystanyň KTRK teleýaýlymy, 21:00-da başlaýan Altyn Asyr Rawşan duşuşygyny bolsa, Täjigistanyň Varzish, Futbol HD teleýaýlymlary göni ýaýlymda tomaşaçylaryna ýetirerler.

Türkmenistan Sport, Varzish, Futbol HD teleýaýlymlarynyň Türkmenistanda IPTV arkaly elýeterdigini ýatladýarys.

AFK-nyň Kubogy 2023/24: Merkezi zolak, 2-nji tapgyr: 05.10.2023ý.

17:00 | Merw (TÜRKMENISTAN) Abdyş-Ata (Gyrgyz Respublikasy)

TV: Türkmenistan Sport teleýaýlymy (Türkmenistan), KTRK teleýaýlymy (Gyrgyzystan)

Duşuşygyň emini: Tam Ping Wun (Hytaý)

Kömekçi eminler: So Kai Man, Fok Pong Şing (ikisem Hytaý)

Ätiýaçdaky emin: Ramaçandran Wenkateş (Hindistan)

Gözegçi emin: Khoja Enab Saber (Saud Arabystany)

Duşuşygyň komissary: Tulefat Yaser Khalil Ebrahim Abdulla (Bahreýn)

21:00 | Altyn Asyr (TÜRKMENISTAN) Rawşan (Täjigistan)

TV: Türkmenistan Sport teleýaýlymy (Türkmenistan), Varzish, Futbol HD teleýaýlymlary (Täjigistan).

Ýene degişli makalalar

Hujand Merw duşuşygy Varzish teleýaýlymy göni ýaýlymda görkezer
Sport teleýaýlymy Merwiň we Altyn asyryň AFK kubogyndaky oýunlaryny göni ýaýlymda görkezer, türkmenistanly zehinler Delfi oýunlaryna gatnaşarlar, Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Aşgabat şäherine geldi we beýleki habarlar
AÇL. Pahtakor — Ahal oýnunyň esasy düzümleri belli boldy
TÝL — 2023: Energetik ýene bir duşuşygyny öňünden geçirmeli bolar
AFK-nyň kubogy ― 2023: Türkmenistan: Sport Merw ― Abdyş-Ata we Altyn asyr ― Rawşan duşuşyklaryny göni ýaýlymda alyp görkezer
Gid-ýolbeletler üçin hünär synagyndan geçmegiň tertibi tassyklandy, Wan kölüniň düýbünde gadymy türkmen şäherçesiniň harabalyklary tapyldy, Merw AFK Kubogynyň toparçalaýyn tapgyryna çykdy we beýleki habarlar