AFK-nyň kubogy ― 2023: Türkmenistan: Sport Merw ― Abdyş-Ata we Altyn asyr ― Rawşan duşuşyklaryny göni ýaýlymda alyp görkezer

AFK-nyň kubogy ― 2023: Türkmenistan: Sport Merw ― Abdyş-Ata we Altyn asyr ― Rawşan duşuşyklaryny göni ýaýlymda alyp görkezer

Türkmenistan: Sport teleýaýlymy şu gün AFK-nyň kubogy ― 2023/24-iň 2-nji tapgyrynyň çäginde geçiriljek Merw ― Abdyş-Ata we Altyn asyr ― Rawşan duşuşyklaryny göni ýaýlymda alyp görkezer.

Şu ýyl AFK-nyň Çempionlar ligasynda Ahal ― Al-Feýha duşuşygyny hem göni ýaýlymda futbol janköýerlerine ýetiren ýaýlym bu däbi geljekde hem dowam etdirmegi maksat edinýär. Şeýlelikde, türkmenistanly futbol janköýerleri ýurtda geçirilýän halkara futbol duşuşyklaryna geljekde hem milli teleýaýlym arkaly tomaşa edip bilerler.

AFK-nyň kubogynyň ikinji tapgyryndaky duşuşyklaryň ikisi hem Aşgabat stadionynda geçiriler. Merw ― Abdyş-Ata duşuşygy sagat 17:00-da, Altyn asyr ― Rawşan duşuşygy bolsa 21:00-da başlanar.

Bu toparlar ýaryşyň E toparçasyny düzýär. Häzir toparçada Abdyş-Atanyň 3, Merw bilen Rawşanyň 1 utugy bar. Altyn asyr bolsa ilkinji utuklaryny şu gün gazanmaga çalşar.

Bu duşuşyklaryň Täjigistanyň "Warziş" we "Futbol HD" teleýaýlymlarynda hem göni ýaýlymda alnyp görkezilmegine garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabat stadionda geçiriljek iki halkara duşuşygy Türkmenistan Sport teleýaýlymy göni ýaýlymda görkezer
Sport teleýaýlymy Merwiň we Altyn asyryň AFK kubogyndaky oýunlaryny göni ýaýlymda görkezer, türkmenistanly zehinler Delfi oýunlaryna gatnaşarlar, Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Aşgabat şäherine geldi we beýleki habarlar
AÇL. Pahtakor — Ahal oýnunyň esasy düzümleri belli boldy
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow doglan gününi belleýär, Aşgabatda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görülýär, Ankarada Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna bagyşlanan çäre geçirildi we beýleki habarlar
Altyn asyryň we Merwiň AFK Kubogyndaky öý oýunlaryna petekler satylyp başlandy