AFK Kubogy — 2023/24-iň 2-nji tapgyryndan orun alan Merw (Türkmenistan) — Abdyş-Ata (Gyrgyzystan) hem-de Altyn asyr (Türkmenistan) — Rawşan (Täjigistan) oýunlaryna petekler satylyp başlandy. Oýunlaryň ikisi hem 5-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde geçiriler.
Petekleri Aşgabat stadionynyň kassalaryndan satyn alyp bilersiňiz. Kassalaryň iş wagty her gün sagat 8:00-dan 21:00-a çenli. Petegiň bahasy — 30 manat. Goşmaça maglumatlar üçin stadionynyň administrasiýasynyň şu görkezilen telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz: (+993 12) 95 50 37.
*Bellik: Petekler her oýun üçin aýratynlykda satylýar.
AFK Kubogy 2023/24. Merkezi zolak. E toparça:
2-nji tapgyr, 5-nji oktýabr (penşenbe)
Geçirilýän ýeri: Aşgabat stadiony
