Hujand Merw duşuşygy Varzish teleýaýlymy göni ýaýlymda görkezer

Hujand  Merw duşuşygy Varzish teleýaýlymy göni ýaýlymda görkezer

AFK-nyň Kubogynyň "playoff" (utulan-çykdy) tapgyryndaky Hujand Merw duşuşygy Varzish teleýaýlymy göni ýaýlymda görkezer. Bu barada täjik teleýaýlymyň resmi internet sahypasy habar berýär.

Hujand Merw duşuşygynyň şu gün, 22-nji awgustda Täjigistanyň Hujand şäherindäki Täjigistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy stadionynda geçiriljekdigini ýatladýarys. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 16:00-da başlanar.

Varzish teleýaýlymyna Türkmenistanda IPTV arkaly tomaşa edip bolýandygyny hem ýatladýarys.

Merw Hujandy ýeňip bilse, ýaryşyň Merkezi sebitinde Täjigistanyň Rawşany, Türkmenistanyň Altyn Asyry we Gyrgyzystanyň Abdyş-Atasy bilen bir toparçada ýaryşar.

AFK-nyň kubogynyň Merkezi sebitiniň toparçalaýyn duşuşyklaryna 20-nji sentýabrda badalga berler we bu duşuşyklar 14-nji dekabrda tamamlanar.

AFK-nyň Kubogy 2023/24

Merkezi zolak, "playoff" (utulan-çykdy) tapgyry

Senesi: 22.08.2023ý.

Geçirilýän ýeri: Täjigistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy stadiony (Hujand ş., Täjigistan)

Başlanýan wagty: 16:00

Hujand (Täjigistan) Merw (TÜRKMENISTAN)

TV: Varzish teleýaýlymy (Täjigistan)

Duşuşygyň emini: Ýahýa Mohammad Hassan Al-Mulla (Birleşen Arap Emirlikleri)

Kömekçi eminler: Ahmed Said Ahmed Al-Asal Al-Raşdi, Ali Raşid Mohammed Al-Jorn Al-Nuaými (ikisem Birleşen Arap Emirlikleri)

Ätiýaçdaky emin: Sultan Mohammed Saleh Ýusif Al-Hammadi (Birleşen Arap Emirlikleri)

Gözegçi emin: Mahýub Sadek (Palestina)

Duşuşygyň komissary: Mohamed Abdulla Nazmi Mango (Iordaniýa)

Howpsuzlyk boýunça AFK-nyň jogapkäri: Rahul Paraşar (Hindistan)

Ýene degişli makalalar

Merwiň Hujanda garşy nähili köýnekçede oýnajakdygy belli boldy
Aşgabat stadionda geçiriljek iki halkara duşuşygy Türkmenistan Sport teleýaýlymy göni ýaýlymda görkezer
Süleýman Muhadowyň gatnaşmadyk duşuşygynda SSKA nobatdaky ýeňşini gazandy
“Merw” AFK Kubogynyň saýlama tapgyrynda ýeňiş gazandy
“Merw” AFK Kubogynda toparçalarda çykyş eder
AFK-nyň kubogy 2023/24: Merw ― Alaý duşuşygynyň geçiriljek ýeri belli boldy