Türkmenistanyň çempiony Altyn asyr futbol topary AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşda aýgytlaýjy duşuşygyna 20-nji maýda çykar. Şol gün biziň ildeşlerimiz toparçanyň öňdebaryjysy Nasaf bilen duşuşar. Duşenbe şäherinde geçiriljek duşuşygyň şol gün sagat 17:00-da başlanmagyna garaşylýar.
Iki duşuşykda 4 utuk toplap bilen Altyn asyr häzir F toparçada ikinji orny eýeleýär. Iki duşuşygynda hem utuk ýitirmedik Nasafda bolsa 6 utuk bar. Şeýle hem yzda galan duşuşyklarda Hujandyň 1 utuk ýygnap, Alaý heniz utugynyň ýokdugyny ýatladýarys.
Şundan ugur alyp, 20-nji maýda Nasaf bilen boljak duşuşykda Altyn asyry diňe ýeňşiň kanagatlandyrýandygyny aýtmak gerek. Resmi ýaryşlarda ilkinji gezek Altyn asyr bilen duşuşyp görjek Nasafy bolsa deňlik hem kanagatlandyryp biler.
Gazanyljak ýeňiş Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtlerini sebitleýin finalda Ahalyň bäsdeşine öwrüp biler. Sebitleýin finalyň 11-nji we 25-nji awgustda geçiriljekdigini ýatladýarys.
