Türkmenistanyň Gahrymany, kosmonawt Oleg Kononenko 59 ýaşady, türkmen paýtagtynyň günortasynda AŞGABAT ýazgysy peýda bolar, Aşgabatda Halkara ýoga güni bellenildi we beýleki habarlar

Türkmenistanyň Gahrymany, kosmonawt Oleg Kononenko 59 ýaşady, türkmen paýtagtynyň günortasynda AŞGABAT ýazgysy peýda bolar, Aşgabatda Halkara ýoga güni bellenildi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmeistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Roskosmos döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawty, instruktor, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi, Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenkony doglan güni bilen gutladylar.

2. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäheriniň günorta tarapynda AŞGABAT diýen ýazgyny gurnamak we degişli abadanlaşdyryş işlerini ýerine ýetirmek boýunça bäsleşik yglan etdi. Gyzyklanma bildirýänleriň arzalary we teklipleri Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýynda 2023-nji ýylyň 4-nji awgustyna çenli kabul edilýär.

3. Aşgabat şäherindäki Bagtyýarlyk sport toplumynyň Ýoga we adaty lukmançylyk merkezinde Halkara ýoga güni mynasybetli dabara geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Atageldi Germanow, Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Widhu Pithambaran Nair, şeýle-de Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarydyr myhmanlarynyň 200-e golaýy gatnaşdy.

4. 22-nji iýundan 27-nji iýuna çenli Türkmenistanda Medeniýet hepdeligi geçiriler. Hepdeligiň çäginde türkmen kinorežissýorlary tarapyndan surata düşürilen gysga we doly göwrümli filmler türkmen telewideniýesi arkaly halk köpçüligine ýetiriler. Mundan başga-da Aşgabat kinoteatrynda Arslan Eýeberdiýewiň režissýorlygynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp surata düşürilen Istärin çeper filmi hem görkeziler.

Dünýäde

5. Maýkl Jeksonyň şlýapasy Fransiýada auksiona çykarylar. 1983-nji ýylyň 25-nji martynda tansçynyň konsertde geýen şlýapasy auksiona çykarylýar. Hut şu konsertde aýdymçy ilkinji gezek özüniň meşhur “Aý ýörişini” tomaşaçylara görkezdi. Şlýapanyň başlangyç bahasy 60-100 müň ýewro bolar.

6. Şu ýyl Gyrgyzystanda Bütindünýä hekaýatçylar forumy guraldy. Forumyň resmi açylyşy Bişkekde geçirildi. Bütindünýä forumynyň maksady, dünýä halklarynyň eposlaryny we hekaýatçylaryň halkara birleşigini döretmek, hekaýatçynyň häzirki jemgyýetdäki ornuny ara alyp maslahatlaşmak, bu sungatyň görnüşini gorap saklamak we ösdürmekde tejribe alyşmakdyr. .

Sport habarlary

7.Aziýa Futbol Konfederasiýasy deslapky tapgyryň oýunlarynyň we Aziýadaky ikinji möhüm klub ýaryşynyň - AFK kubogy-2023/24-iň pleý-off tapgyrynyň senesini yglan etdi.Deslapky tapgyrda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi Merw futbol kluby Gyrgyzystanyň çempionatynyň kümüş medalçysy "Alaý" futbol kluby bilen duşuşar.

Bu oýun 15-nji awgustda Türkmenistanda geçiriler. "Merw" - "Alaý" oýnunyň ýeňijisi 22-nji awgustda pleý-off tapgyrynda Täjigistan çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi "Hujand" bilen duşuşar.

8.Saud Arabystanynyň Al-Ittihad futbol kluby fransiýaly Ngolo Kanteniň öz toparyna goşulandygyny habar berdi.Kante Fransiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 2018-nji ýyldaky dünýä çempionatynda ýeňiji boldy we erkin agent hökmünde täze topara geçdi. 32 ýaşly Kanteniň Angliýanyň Çelsi topary bilen şertnamasy geçen möwsümiň ahyrynda tamamlandy.

Fransuz ýarymgoragçysy 2016-njy ýylyň tomsundan bäri “Çelside” çykyş etdi. Çelsiniň düzüminde Kante Çempionlar ligasynda, Klublaryň dünýä çempionatynda we Angliýanyň çempiony boldy.

Ýene degişli makalalar

Oleg Kononenko açyk kosmosda selfi surata düşdi
Oleg Kononenko Türkmenistanyň ýolbaşçylaryny Arkadag şäheriniň açylmagy bilen gutlady
Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglandy, kosmonawt Oleg Kononenko täze missiýa bilen HKS-e ugrady, Kiçi teatryň Aşgabada sapary yza süýşürildi we beýleki habarlar
Oleg Kononenko kosmosdan Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady
“Roskosmosyň” kosmonawty Oleg Kononenko hormatly Prezidentimizi doglan güni bilen gutlady
Kononenko kosmosdan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylary göni ýaýlymda gutlady