Merw AFK-nyň kubogynyň saýlama tapgyrynda Gyrgyzystanyň Alaýyndan üstün çykdy

Merw AFK-nyň kubogynyň saýlama tapgyrynda Gyrgyzystanyň Alaýyndan üstün çykdy

Marynyň Merw futbol topary AFK-nyň kubogyndaky ilkinji ýeňşini gazandy. Witaliý Alikperowyň şägirtleri şu gün yklym ýaryşynyň şu gün Mary şäherinde geçirilen saýlama duşuşygynda Gyrgyzystanyň Alaý futbol toparyny kabul edip, 1:0 hasabynda ýeňiş gazandylar.

Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 13-nji minutda Musa Nurnazarow geçirdi.

Merw indi ýaryşyň pleý-off tapgyrynda Täjigistanyň Hujand topary bilen duşuşar. Bu duşuşyk 22-nji awgust güni Täjigistanda geçiriler.

AFK-nyň kubogy ― 2023/24. Saýlama tapgyr

15.08.2023 ý. Sport toplumy, Mary şäheri. 10070 tomaşaçy.

Merw (Türkmenistan) ― Alaý (Gyrgyzystan) ― 1:0.

Gol: Musa Nurnazarow, 13.

Merwiň düzümi: Merdan Saparow (d, k), Şazada Bäşimow, Ambýar Mahmudow, Azat Orazmuhammedow (80, Maksat Atagarryýew), Döwlet Döwletmyradow, Ýagşysähet Döwletgeldiýew (74, Amangeldi Saparow), Kemal Annamuhammedow, Mukam Nazzyýew (80, Şöhrat Owmadow), Daýanç Durdyýew, Musa Nurnazarow (68, Igor Sekow), Murat Ýakşiýew (46, Toýly Goçnazarow).

Ýene degişli makalalar

Alikperow we Bäşimow janköýerlere hoşallyk bildirdi
Türkmenistanyň Stambuldaky täze Baş konsuly wezipä bellenildi, Aşgabatda Hindistanyň Garaşsyzlyk güni bellenildi, Türkmenistanda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde gadymy oturyp oýnalýan oýun toplumy tapyldy we beýleki habarlar
2-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
TFF-niň kubogy ― 2023: Merw Aşgabady uly hasap bilen ýeňdi
TFF-niň kubogy: Merw bilen Altyn asyr ýoluny ýitgisiz dowam edýär
4-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal