Türkmenistanyň Stambuldaky täze Baş konsuly wezipä bellenildi, Aşgabatda Hindistanyň Garaşsyzlyk güni bellenildi, Türkmenistanda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde gadymy oturyp oýnalýan oýun toplumy tapyldy we beýleki habarlar

Türkmenistanyň Stambuldaky täze Baş konsuly wezipä bellenildi, Aşgabatda Hindistanyň Garaşsyzlyk güni bellenildi, Türkmenistanda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde gadymy oturyp oýnalýan oýun toplumy tapyldy we beýleki habarlar

Туркменистан

1. Prezident Serdar Berdimuhamedow Muhammetnur Öwezowy Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsuly wezipesine belledi. Döwlet Baştutany sişenbe güni degişli Karara gol çekdi. Häzirki wezipä bellenmezinden ozal Muhammetnur Öwezow Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky konsuly bolup işledi.

2. Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy Hindistan Respublikasynyň garaşsyzlygynyň 77 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirdi. Ilçihanada Hindistanyň döwlet baýdagy dabaraly ýagdaýda galdyryldy, ilçi Widhu Pithambaran Nair Hindistanyň Prezidentiniň bu dabara ýygnananlara ýüzlenmesini okady. Hindistanyň döwlet senasy ýerine ýetirilenden soňra medeni çäreler geçirildi.

3.Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Maddy medeniýetiň taryhy institutynyň arheologlary Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Etnologiýa we antropologiýa institutyndan kärdeşleri bilen bilelikde Türkmenistanda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda stolda oturylyp oýnalýan näbelli gadymy oýnuň doly toplumyny tapdylar.

Indi alymlaryň öňünde Garagum çölündäki Goňurdepe şäheriniň çäginde ýaşap geçen adamlaryň ýitip giden medeniýetine degişli bolan gadymy oýnuň maksadyna, düýp manysyna we düzgünlerine düşünmek meselesi dur.

4. Aziýa ösüş banky (AÖB) we Türkmenistan 2024 2028-nji ýyllar üçin nobatdaky döwletara hyzmatdaşlygy strategiýasynyň üstünde işleýärler. Saglygy goraýyş, maliýe, ulag we energetika pudaklary boýunça taslamalar taýýarlanýar. Häzirki wagta çenli Bank Türkmenistanyň döwlet ulgamyna umumy bahasy 632,6 million dollar bolan 13 karz, grant we tehniki kömek berdi.

5.Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Hazaryň kenaryndaky täze binalar we desgalar toplumy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi.Açylyş çäresi Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagynda Döwlet baýdagyny galdyrmak dabarasy bilen başlandy.

Toplumyň çäginde harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary üçin täze ýaşaýyş jaýlary göz öňünde tutulypdyr.Gurlan desgalaryň hatarynda otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan, amatly ýaşaýyş we dynç alyş üçin ähli zerur şertler bilen üpjün edilen iki sany 3 gatly her biri 48 öýli ýaşaýyş jaýy bar.

Toplumyň çäginde 200 orunlyk ýatakhana binasy, Galkynyş otagy hem-de baý gaznasy bolan döwrebap kitaphana, ýapyk we açyk sport meýdançalary ýerleşýär. Şeýle-de beýleki desgalaryň hatarynda lukmançylyk bölümi, naharhana, aşhana we çörek bişirilýän ýer hem-de durmuş maksatly beýleki desgalar bar.

Dabaraly çäräniň dowamynda Döwlet serhet gullugynyň döwrebap binalar we desgalar toplumyna Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan awtoulaglar sowgat berildi.

6. Türkmenistan 2023-nji ýylyň ýanwar iýul aýlarynda Gruziýany awiasiýa ýangyjy bilen üpjün edijileriň arasynda birinji orny eýeledi. Gruziýanyň Nebit önümlerini import edijiler birleşiginiň maglumatlaryna görä, türkmen kärhanalary bu ýurda 29,6 müň tonna awiasiýa ýangyjyny eksport etdiler, bu Gruziýanyň ýedi aýyň dowamynda şeýle görnüşli ýangyjyň importynyň umumy mukdarynyň 44,1% -ini düzýär.

7.Türkmen önüm öndürijileri ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) goldaw bermeginde döredilen täze mediaplatformasyny peýdalanyp bilerler.Platforma eksport mümkinçiligini ösdürmek, önümiň hilini ýokarlandyrmak, halkara ülňülerine laýyk getirmek, marketing we dünýä bazarlaryna çykmak barada maglumat hem-de maslahat berer.

Taslama sebitleýin integrasiýany we söwda pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýän USAID-iň Merkezi Aziýada söwda maksatnamasynyň bir bölegidir.Ol iki ýylyň dowamynda durmuşa geçiriler we ykdysadyýetiň dürli pudaklaryndan 100-e golaý ýerli hususy kärhanany öz içine alar.

Dünýäde

8. Özbegistanda daşary ýurt dillerini ýokary derejede bilýän talyplar üçin goşmaça talyp haky döredildi.Töleg eýýäm 2023-2024-nji okuw ýylyndan güýje girer.Onuň bilen iňlis, nemes ýa-da fransuz dilleri boýunça C1 derejesinden pes bolmadyk halkara derejesinde ykrar edilen şahadatnamasy bolan lukmançylyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň we hünär-tehniki okuw mekdepleriň talyplary höweslendiriler.

Talyp haky şahadatnamanyň hereket edýän möhletiniň dowamynda her aýda adaty töleglere goşmaça hökmünde tölener.

9.ABŞ-da Demirgazyk Dakota ştatyndan 13 ýaşly ýetginjek maşgala gezelenjiniň dowamynda Uly Kanýonyň demirgazyk çäklerindäki 30 metrlik eňňitden ýykylyp, diri galdy.Uaýatt Kaufman atly ýetginjek gaýanyň üstünde büdräp, Braýyt-Enjel-Poýnt ýodasynda, takmynan, 30 metr belentlikden ýykyldy.

Ony halas etmek üçin halas ediş toparyna iki sagat töweregi wagt gerek boldy.Lukmanlar dokuz oňurganyň we bilegiň döwlendigini, dalagyň ýarylandygyny, beýni sarsgynyny, öýkeniň kollapsyny we barmaklaryň çykandygyny bellediler.

Sport habarlary

10.Türkmenistanyň Merw futbol topary AFK-nyň kubogynyň deslapky tagyrynda öz meýdançasynda Gyrgyzystanyň Alaý toparyndan üstün çykdy.Duşuşyk Marydaky Sport toplumy stadionynda geçirildi we 1:0 hasabynda tamamlandy.

Duşuşygyň ýeke-täk pökgüsini 13-nji minutda Musa Nurnazarow Oş şäheriniň toparynyň derwezesine salmagy başardy.AFK kubogynyň saýlama tapgyrynda Merw Täjigistanyň Hujand topary bilen duşuşar.Bu toparlaryň duşuşygy 22-nji awgustda Täjigistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy stadionynda geçiriler. Üstünlik gazanan ýagdaýynda Merw 20-nji sentýabrda başlajak ýaryşyň toparlaýyn tapgyrynda oýnamak hukugyny alar.

11. Çolpon-Atada erkekleriň we zenanlaryň arasynda halkara sambo ýaryşy geçiriler, oňa Türkmenistanyň wekilleri hem gatnaşar.Dünýä kubogynda erkekleriň we zenanlaryň arasynda sport hem-de söweş sambosy boýunça medallar ugrunda göreşiler. Ýaryş Çolpon-Atadaky Gazprom çagalar üçin bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda geçiriler we oňa 20 ýurtdan samboçy gatnaşar.

Bäsleşikler tamamlanandan soňra eminler üçin okuw sapagy hem-de tälimçiler we türgenler üçin sport-türgenleşik ýygnanyşygy geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Alikperow we Bäşimow janköýerlere hoşallyk bildirdi
Merw AFK-nyň kubogynyň saýlama tapgyrynda Gyrgyzystanyň Alaýyndan üstün çykdy
Türkmen wekiliýeti Tbiliside geçirilýän AÖB-nyň 57-nji duşuşygyna gatnaşýar
Talyplar TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna dört aý soňra täzeden başlamagy söz berýär
AÖB: 2021-nji ýylda Türkmenistanyň JIÖ 5 göterim, inflýasiýa 12,5 göterim ösdi
Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna girmek meselelerine seredildi