Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy şäherinden Aşgabada dolanyp geldi, 2024-nji ýylda Gyrgyzystan Türkmenistandan 1,7 milliard kWt sagat elektrik energiýasyny import etmegi meýilleşdirýär we beýleki habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy şäherinden Aşgabada dolanyp geldi, 2024-nji ýylda Gyrgyzystan Türkmenistandan 1,7 milliard kWt sagat elektrik energiýasyny import etmegi meýilleşdirýär we beýleki habarlar

Türkmenistan

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Awaza milli syýahatçylyk zolagynda birnäçe gün zähmet rugsadynda bolandan soň, şu gün Aşgabada dolanyp geldi. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny resmi adamlar ugratdylar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň zähmet rugsady dowam edýär.

2.Gyrgyzystan Respublikasy 2024-nji ýylda Türkmenistandan 1,7 milliard kWt sagat elektrik energiýasyny almagy meýilleşdirýär.Bu barada Gyrgyzystanyň energetika ministri Taalaýbek Ibraýew habar berdi.Döwlet işgäri Gyrgyzystanda her ýyl elektrik energiýasynyň sarp edilişiniň ýokarlanýandygyny aýtdy. 2022-nji ýylda, takmynan, 16 milliard kWt sagat bolsa, bu ýyl eýýäm 17,3 milliard bolar.

Ykdysadyýet ösýär, şeýlelikde, elektrik energiýasynyň sarp edilişi hem artýar diýip, ministr belledi.

3. Türkmenawtoulaglary agentligi edara görnüşli we şahsy taraplardan ýük awtoulag serişdesinde ýük daşamak üçin daşary ýurt döwletleriniň 2024-nji ýyl üçin rugsatnamalaryny almak üçin sargytnamalaryň kabul edilýändigini yglan etdi. Arzalar 2023-nji ýylyň 25-nji awgustyna çenli kabul edilýär.

4. Türkmen kompaniýalary Gara deňiz—Hazar Logistika Forumy: geçelgeler, ýükler, infrastruktura maslahatyna we sergisine gatnaşmaga mümkinçilik aldylar. Forum 20-21-nji sentýabrda Baku şäherinde geçiriler. Forumyň resmi maglumat hyzmatdaşy hökmünde Türkmen Logistika ulag-logistika assosiasiýasy çykyş edýär.

5. Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň biotehnologiýa barlaghanalarynda tebigy, howpsuz we saglyk üçin peýdaly ýarym taýýar azyk önümleri: tiz taýýarlanýan unaş, gury miwe şireleri, çorbalar, şeýle hem kädi we mekgejöwen uny öndürildi. Täze önümleriň esasy aýratynlygy olaryň düzüminde glutamat natriýniň, konserwantlaryň we boýaglaryň, ýagny şeýle häsiýetli ýarym taýýar önümleriň ählisinde diýen ýaly duş gelýän goşundylaryň bolmazlygydyr.

6. Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ismail Haldi Aşgabatdaky maýyp çagalar üçin sagaldyş-dikeldiş merkezine baryp gördi. Ilçi Merkeziň ýolbaşçylygyndaky haýyr-sahawat goşandy hökmünde merkeziň garamagyndaky çagalar üçin kanselýariýa harytlaryny sowgat etdi.

Dünýäde

7. Alymlar tarapyndan Antarktidanyň buzluklarynda 20 aýagy bolan näbelli deňiz jandary tapyldy. Alymlar eýýäm bu jandara Ýertudana ýeleklerinden Antarktida ýyldyzy adyny berdiler. Şeýle ýyldyzlar 1,98 müň metr çuňlukda ýaşap bilýärler we gyrmyzydan goýy gyzyl reňke eýe bolýarlar. Hünärmenler Antarktidanyň suwlarynda ýene-de köp sanly näbelli jandaryň ýaşaýandygyny belleýärler.

8.Gawaýiniň ýolbaşçylary görlüp-eşidilmedik tokaý ýangynlaryndan ejir çeken adalary dikeltmek üçin näçeräk serişde gerek boljakdygyny hasapladylar.ABŞ-nyň hökümetiniň tebigy betbagtçylygyň netijeleri bilen göreşmek boýunça sarp edip biljek mukdary 5,5 milliard dollar diýlip çaklanylýar.

Gawaýide tokaý ýangynlarynyň netijesinde birnäçe şäher weýran boldy, 2170 bina esasan hem ýaşaýyş jaýlary ýandy.Soňky maglumatlara görä, helak bolanlaryň sany 89 adama ýetdi.Gawaýide ýangyn 8-nji awgustda başlandy.

Oňa yssy howa, guraklyk we Dora harasatynyň getiren güýçli ýelleri sebäp boldy.

Sport habarlary

9.Türkmenistanyň Merw topary Gyrgyzystanyň Alaý toparyna garşy duşuşykda sary köýnekçede oýnar.AFK kubogy 2023/24-iň Merkezi zolakda geçiriljek deslapky tapgyrynyň duşuşygy 15-nji awgustda Aşgabat wagty bilen 16:30 başlanar.

AFK kubogy 2023/24-iň Merkezi zolakdaky deslapky tapgyrynyň duşuşygyna kuweýtli eminler topary eminlik ederler.Bu oýnuň netijelerine görä, çempionatyň saýlama tapgyrynda Hujand toparynyň garşydaşy kesgitlener.Saýlama tapgyr duşuşygy 22-nji awgustda Täjigistanyň Hujand şäherindäki Täjigistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy stadionynda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Merw AFK-nyň kubogynyň saýlama tapgyrynda Gyrgyzystanyň Alaýyndan üstün çykdy
Alikperow we Bäşimow janköýerlere hoşallyk bildirdi
Aýbek Tatanow: Merw ýeňşi janköýerleri bilen bile gazandy
Türkmenistanyň gatnaşmagynda Owganystanda täze logistika merkezi dörediler
Türkmenistan Merkezi Aziýada ulag we logistika Hyzmatdaşlygynyň milli utgaşdyryjylarynyň maslahatyna gatnaşdy
Hindistana barýan rus ýük otlusy ýurdumyzyň üstünden geçýär