Türkmenistan Erteki gürrüň berijilik sungaty boýunça Aziýa komitetiniň 15-nji mejlisine gatnaşdy, ÝHHG-nyň metbugat azatlygy boýunça wekili Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde gepleşikleri geçirdi we beýleki habarlar

Türkmenistan Erteki gürrüň berijilik sungaty boýunça Aziýa komitetiniň 15-nji mejlisine gatnaşdy, ÝHHG-nyň metbugat azatlygy boýunça wekili Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde gepleşikleri geçirdi we beýleki habarlar

Türkmenistan

1.Astana şäherinde Erteki gürrüň berijilik sungaty boýunça Aziýa komitetiniň 15-nji forumy geçirilýär.Iki gün dowam etjek halkara çäresine Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň ýolbaşçysy Gözel Magtymgulyýewa gatnaşýar.

Erteki gürrüň berijilik sungaty boýunça Aziýa komiteti edebiýat boýunça medeni hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, sebitiň halklarynyň özboluşly ruhy-medeni mirasyn öwrenmek, aýap saklamak we dünýä ýaýramagyna goldaw bermek, milli eposlary, mifleri we rowaýatlary ýygnamak boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek ýaly wezipelerden ugur alýar.

2.Türkmenistanyň DIM-nde ÝHHG-niň metbugat azatlygy boýunça wekili Tereza Ribeýro bilen gepleşikler geçirildi.Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda metbugat azatlygy boýunça wekiliň mandatyna degişli ÝHHG-niň üçünji ölçeginiň çäklerinde alnyp barylýan bilelikdäki işleriň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar şeýle hem Türkmenistanda milli we sebit derejelerinde metbugat ulgamynda bilelikdäki çäreleri geçirmäge taýýarlyklaryny bildirdiler.

3. Alymlaryň Hazaryň deňzindäki Mihaýlow adasynda geçiren hasaplamalarynyň netijelerine görä, çarlaklaryň we karçka guşlarynyň sany köpeldi. Mihaýlow adasy Hazar deňziniň türkmen böleginde ululygy boýunça ikinji adadyr. Bu ýerde gazlar, çümüji ördekler, çarlaklar, çüňkburunlar, deňiz bürgütleri, ördekler, guwlar we beýleki görnüşler ýaşaýar. Gyşlaýan ýa-da höwürtgeleýän döwürlerinde guşlaryň sany 600 müňe çenli ýetip biler.

4.Malaýziýada ABU Global News Forum 2023 Ählumumy habarlar forumynyň ikinji gününi geçirildi we onuň işine Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň ýanyndaky Halkara maglumat merkeziniň wekiliýeti gatnaşdy.

Forumyň ikinji gününde türkmen wekiliýetiniň we dünýäniň dürli ýurtlaryndan öňdebaryjy habar agentlikleriniň agzalary emeli aňyň (intellektiň) köpçülikleýin habar beriş serişdeleri pudagynda tutýan orny, emeli aň işe girizilende ýüze çykýan faktlar, howplar we päsgelçilikler, şeýle hem bütin dünýäde howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

5.Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň parlament işleri boýunça orunbasary Ýumi Ýoşikawanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi.Gepleşikleriň dowamynda syýasy, diplomatik, söwda, ykdysady, medeni we gumanitar ugurlarda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ileri tutulýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Dünýäde

6. Liters elektron we audiokitap hyzmatyna ýörite Özbegistanyň ýaşaýjylary üçin Litres.uz saýty hem-de iOS we Android operasion ulgamlary üçin ykjam programma goşuldy. Özbek dilindäki kitaplaryň katalogynda 1500 atlandyrma bolar, şu ýylyň ahyryna çenli olaryň sanyny 4000-e ýetirmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, ol rus we beýleki dillerdäki eserleri öz içine alar.

7.BTS keý-pop topary hakynda ýazylan kitap çykmagyndan birnäçe sagadyň dowamynda Amazonda iň köp satylan kitap boldy.Taryhyň aňyrsynda: BTS-iň ýazgylarynyň 10 ýyllygy atly kitap 9-njy iýulda neşir edildi.

Bu kitap toparyň döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlanýar we ähli agzalaryň söhbetdeşlikleriniň ýazgylaryny hem-de awtoryň toparyň aýdym-saz durmuşy baradaky synlaryny öz içine alýar.BTS hakyndaky kitap Amazonda iň köp satylan kitaplaryň hatarynda Pol MakKartniniň täze kitabyndan öňde geçip, terjimehallaryň we ýatlamalaryň satuw sanawynda birinji orunda barýar.

Sport habarlary

8. Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy sentýabr aýynda Gonkongyň milli ýygyndysy bilen dostluk duşuşygyny geçirmegi meýilleşdirýär. Häzirki wagtda federasiýalar 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşynyň başlamagynyň öňüsyrasynda türkmen futbolçylary üçin gowy taýýarlyk boljak öňdäki dostluk duşuşygy barada gepleşikleri geçirýärler.

9.Futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasyna wekilçilik edýän üç topar Ahal, Altyn asyr we Merw, şeýle hem futzal boýunça ýurduň wise-çempiony bolan Köpetdag topary 2023/2024 möwsüminde AFK-nyň howandarlygyndaky halkara ýaryşlaryna gatnaşmagyň esasy talaby bolan ygtyýarnama bermek işinden üstünlikli geçdiler. Şşu ýyl Ahalyň Aziýanyň esasy toparlaýyn futbol ýaryşynda AFK Çempionlar ligasynda Türkmenistana wekilçilik etjekdigini bellemek gerek.

Altyn asyr we Merw Aziýanyň derejesi boýunça ikinji ýaryşynda AFK kubogynda ýurduň abraýyny gorarlar.

10.Duşenbe şäheriniň SSKA toparynyň hüjümçisi Süleýman Muhadow topar bilen hoşlaşdy.Täjigistanyň habar beriş serişdeleriniň habar bermeklerine görä, 29 ýaşly futbolçy bilen ýerli Hosilot we Hatlon, şeýle hem Aşgabadyň Altyn asyr we Oşuň Alaý toparlary gyzyklanýar.

Futbolçy 2023-nji ýylyň martynda Hujanddan Duşenbe şäheriniň toparyna geçipdi.Muhadow bu möwsüm Täjigistanyň Ýokary ligasynyň 6 oýnunda SSKA-nyň peýdasyna 1 pökgi geçirdi.

Ýene degişli makalalar

Süleýman Muhadowyň gatnaşmadyk duşuşygynda SSKA nobatdaky ýeňşini gazandy
Täjigistanda gurulýan türkmen mekdebiniň gurluşyk işleri maslahatlaşyldy
Täjigistan 100 Müň Owgan Bosgunyny Kabul Eder
Merkezi Aziýada gurakçylyk: görülmedik yssy, suw ýetmezçiligi hem hasylyň pesligi
Täjigistany çekirtgeler basdy
Täjigistanda täze futbol möwsümi 1-nji aprelde başlar