Türkmenistan Gazagystana we Hindistana howa gatnawlaryny dikelder, Aşgabatda täze jaşaýyş jaýy ulanylmaga berildi, Serdar Berdimuhamedow ýurduň zenanlaryny 8-nji mart mynasybetli gutlady we beýleki habarlar

Türkmenistan Gazagystana we Hindistana howa gatnawlaryny dikelder, Aşgabatda täze jaşaýyş jaýy ulanylmaga berildi, Serdar Berdimuhamedow ýurduň zenanlaryny 8-nji mart mynasybetli gutlady we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1.Prezident Serdar Berdimuhamedow Bitarap Türkmenistanyň gelin-gyzlaryny Halkara zenanlar güni mynasybetli gutlady.Döwlet Baştutany Halkara zenanlar gününiň jemgyýeti belent maksatlara jebisleşdirýän hem-de döredijilikli işlere ruhlandyrýan baýramçylyk hökmünde milli senenamada aýratyn orun tutýandygyny belledi.

Serdar Berdimuhamedow maşgalanyň sütüni we abraýy, ýokary ahlaklylygyň nusgasy hökmünde eziz enelerimiziň mertebesini belent tutmak türkmen halkynyň iňňän gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgesidir diýip nygtady.

2. Türkmen howa ýollary 26-njy martdan başlap, Aşgabat Deli Aşgabat ugry boýunça dowamly uçuşlary dikelder. Bu ugur boýunça petekler Türkmenistan awiakompaniýasynyň Russiýadaky Baş agentiniň resmi saýtynda satuwa çykaryldy. Hindistanyň paýtagtynda uçuşlar hepdede bir gezek ýekşenbe günleri amala aşyrylar.

3. 28-nji martdan başlap, Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabat Almaty Aşgabat ugry boýunça dowamly uçuşlary dikelder. Bu ugur boýunça petekler Türkmenistan awiakompaniýasynyň Russiýadaky Baş agentiniň resmi saýtynda satuwa çykaryldy. Almaty şäherine uçuşlar hepdede iki gezek sişenbe we penşenbe günleri amala aşyrylar.

4. Aşgabadyň Parahat-7 ýaşaýyş jaý toplumynda 9 gatly ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy geçirildi. Binanyň gurluşygy Kerwenli dowamat HK tarapyndan amala aşyryldy. Ýaşaýyş jaýy 108 öýden ybaratdyr. Ähli öýler ýokary amatlyklara eýedir, bir otagly öýleriň meýdany 36 inedördül metr, dört otagly öýüň meýdany bolsa, takmynan, 102 inedördül metrdir. Täze öýleriň açarlaryny alanlaryň arasynda köp çagaly eneler hem bar.

5. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry 2023-nji ýylda başlanar we 2026-njy ýylda tamamlanar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, şäheriň baş meýilnamasyny işläp düzmek we degişli desgalaryň gurluşyk işleri boýunça bilelikdäki bäsleşigi geçirmek bellenildi.

6. Halkbank Türkmenistanda Mobil bank hyzmatyny ulanyjylaryň sany boýunça öňdebaryjy orny eýeledi. 2023-nji ýylyň mart aýynyň görkezijileri boýunça Halkbankda bu hyzmatdan peýdalanýan 16 müň 340 ulanyjy resmi taýdan hasaba alyndy. Ikinji orunda Türkmenistan banky (13 müň 820 ulanyjy), üçünji orunda Daýhanbank (12 müň 425 ulanyjy).

Dünýäde

7. Ýandeks.Ýeda hyzmaty Özbegistanda işläp başlady. Özbegistan Ermenistandan, Belarusdan, Russiýadan we Gazagystandan soňra bu hyzmatyň elýeterli bolan bäşinji ýurdudyr.Hyzmata eýýäm Daşkendiň 2000-den gowrak restorany we kafesi birikdirildi.

Bu platforma dolulygyna lokallaşdyrylandyr: ykjam programmasy we saýty Özbegistanda özbek, iňlis we rus dillerinde elýeterlidir.Başlangyç tapgyrda ulanyjylar üçin eltip bermek hyzmaty mugt bolar.Sargydyň görkezilen salga gelmegi üçin ortaça 30 minut garaşmaly bolýar.

8.Haýwanat dünýäsini goraýjylar Tehasda ýaşaýan zenanyň elinden krokodilini aldylar, ol krokodili ýumurtgadan çykan döwründen başlap ulaldypdyr we öýüniň arka howlusynda öý haýwany hökmünde saklapdyr.Ol zenan 20 ýyl mundan öň krokodil ýumurtgasyny ogurlapdyr we ondan çykan krokodil çagasyny ulaldypdyr.

Uzak ýyllaryň dowamynda krokodil goňşulara görünmezden, öýüň arka howlusynda ýaşapdyr, emma ol hakda bilindenden soňra zenanyň ýanyna polisiýanyň wekilleri geldiler we süýrenijini alyp gitdiler.Krokodiliň öňki eýesi öýünde şeýle howply haýwana bikanun eýelik edendigi we ony saklandygy üçin jerime tölär. Ýumurtganyň ogurlanmagy netijesiz galdy, çünki bu jenaýatyň amala aşyrylan möhleti eýýäm geçipdi.

Sport habarlary

9. Abdyş-Atanyň türkmen goragçysy Teýmur Çaryýew Gyrgyzystanyň Superkubogynda Alaýa garşy oýunda täze toparynyň esasy düzüminde ilkinji resmi duşuşygyna gatnaşdy. Ozal Türkmenistanda Energetigiň düzüminde çykyş eden Çaryýew gyşky transfer möwsüminde gyrgyz toparynyň düzümine geçipdi. Alaý Abdyş-Atadan 1:0 hasabynda üstün çykdy.

Hujand futbol topary Täjigistanyň Futbol ligasynyň Kubogynyň 1-nji tapgyr duşuşygynda Faýzkanddan üstün çykmagy başardy. Bu duşuşyk toparyň täze türkmen futbolçysy Süleýman Muhadow üçin ilkinji duşuşyk boldy. Duşuşyk Gulistondaky Buhoriston-2 stadionynda geçirildi we Hujandyň peýdasyna 1:0 hasabynda tamamlandy. Oýnuň ýeke-täk goluny ýarymgoragçy Jahongir Ergaşew geçirdi. Ol duşuşygyň 43-nji minudynda garşydaşyň derwezesine pökgini urdy.

10.Türkmenistanyň wekili Döwletjan Ýagşymyradow 10-njy martda geçiriljek Bellator 292 çempionatynda Julius Englikas bilen duşuşar.Tutluşyk San-Hosede geçiriler.Tutluşygy tölegli kabel we hemra teleýaýlymy Showtime görkezer. Ýagşymyradowyň häzire çenli 19 ýeňşi, 7 ýeňlişi we 1 deňme-deň tamamlanan tutluşygy bar.

Ol Russiýanyň ACB we ACA ligalarynda çempion boldy.Litwanyň 31 ýaşly raýaty Julius Englikas garyşyk başa-baş söweş sungaty boýunça 13 tutluşyk geçirip, şolaryň 10-synda ýeňiş gazandy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy şäherinden Aşgabada dolanyp geldi, 2024-nji ýylda Gyrgyzystan Türkmenistandan 1,7 milliard kWt sagat elektrik energiýasyny import etmegi meýilleşdirýär we beýleki habarlar
Türkmenistanyň Gahrymany, kosmonawt Oleg Kononenko 59 ýaşady, türkmen paýtagtynyň günortasynda AŞGABAT ýazgysy peýda bolar, Aşgabatda Halkara ýoga güni bellenildi we beýleki habarlar
Türkmenistan Erteki gürrüň berijilik sungaty boýunça Aziýa komitetiniň 15-nji mejlisine gatnaşdy, ÝHHG-nyň metbugat azatlygy boýunça wekili Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde gepleşikleri geçirdi we beýleki habarlar
AFK-nyň kubogy 2023/24: Merw ― Alaý duşuşygynyň geçiriljek ýeri belli boldy
AFK-nyň kubogy ― 2021. Ýazguly Hojageldiýew: Bizi diňe ýeňiş kanagatlandyrýar