Merwiň Hujanda garşy nähili köýnekçede oýnajakdygy belli boldy

Merwiň Hujanda garşy nähili köýnekçede oýnajakdygy belli boldy

22-nji awgustda — sişenbe güni Merw AFK Kubogy 2023/24-iň Merkezi zolakdaky saýlamasynyň aýgytlaýjy oýnunda Hujand bilen duşuşar. Täjigistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy stadionynda geçiriljek oýunda toparlaryň nähili köýnekçede meýdança çykjakdyklary belli boldy.

Witaliý Alikperowdan tälim alýan Merw Hujand bilen oýunda hem, edil ozalky tapgyrda Alaý bilen bolan oýundaky ýaly, sary reňkli köýnekçede meýdança çykar. Merwiň derwezeçisi bolsa gara reňkli köýnekçede oýnar. Täjik topary bolsa bu gapma-garşylykda gök reňkli köýnekçede hereket eder.

Duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 16:00-da başlanar. Oýna FIFA referisi Ýahýa Ali Mohammad Hassan Al-Mullanyň ýolnaşçylygyndaky BAE-li eminler eminlik ederler.

Eger-de oýnuň esasy wagty deňlikde tamamlansa, toparlar goşmaça wagtda ýeňijini kesgitlemäge synanyşarlar. Goşmaça wagtda hem ýeňiji kesgitlenilmese, onda indiki tapgyra çykjak topar 11 metrlik urgular arkaly anyklanylar.

Jübütiň ýeňijisi ýaryşyň Merkezi zolagynyň toparçalaýyn tapgyryna ýollanma alar. Bu tapgyrda ol Täjigistanyň Rawşan, Türkmenistanyň Altyn asyr we Gyrgyzystanyň Abdyş-Ata klublary bilen güýç synanyşar.

AFK Kubogy 2023/24-iň Merkezi zolagynyň toparçalaýyn tapgyry 20-nji sentýabrda başlanyp, 14-nji dekabrda tamamlanar. Bu toparçadan indiki tapgyra gatnaşmaga diňe birinji orny eýelän topar hukuk gazanar.

Ýene degişli makalalar

Hujand Merw duşuşygy Varzish teleýaýlymy göni ýaýlymda görkezer
Gid-ýolbeletler üçin hünär synagyndan geçmegiň tertibi tassyklandy, Wan kölüniň düýbünde gadymy türkmen şäherçesiniň harabalyklary tapyldy, Merw AFK Kubogynyň toparçalaýyn tapgyryna çykdy we beýleki habarlar
“Merw” AFK Kubogynyň saýlama tapgyrynda ýeňiş gazandy
AFK-nyň kubogy 2023/24: Merw ― Alaý duşuşygynyň geçiriljek ýeri belli boldy
Türkmenistanyň futbol toparlary AFK-nyň kubogynda täjik toparlary bilen 21-nji duşuşygyny geçirdiler
Merw myhmançylykda Hujandy ýeňip, AFK Kubogynyň toparçalaýyn tapgyryna ýollanma aldy