AFK-nyň kubogy ― 2021. Ýazguly Hojageldiýew: Bizi diňe ýeňiş kanagatlandyrýar

AFK-nyň kubogy ― 2021. Ýazguly Hojageldiýew: Bizi diňe ýeňiş kanagatlandyrýar

AFK-nyň kubogy ― 2021-iň üçünji tapgyryndaky Nasaf ― Altyn asyr duşuşygynyň öňüsyrasynda geçirilen metbugat maslahatynda Altyn asyryň baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew we toparyň kapitany Ahmet Ataýew žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi.

Ilkinji sowallar baş tälimçä berildi:

― Öňdäki duşuşyk barada pikirleriňizi beýan edäýseňiz.

― Toparçanyň ykbaly ahyrky oýunda çözüler. Bizi diňe ýeňiş kanagatlandyrýar. Şonuň üçin diňe ýeňşe ymtylarys. Oýnuň nähili geçjekdigini bolsa ertir göreris.

― Altyn asyr birinji oýunda 9 futbolçy bilen 11 futbolçynyň garşysyna oýnady. Ikinji oýundaky trillere-de ählimiz şaýat. Siziň toparyňyza hormatymyz ýokary, ýöne, näme üçindir, oýunda özüňize kynçylyk döredýärsiňiz. Soňra-da emele gelen ýagdaýdan baş çykarmaga synanyşýarsyňyz. Ýöne Nasaf beýle ýalňyşlyklary bagyşlamaz.

― Käbir oýunlar bolýar, olardan öň bir zat aýtmak kyn.Bize ertir hem şeýle oýun garaşýar. Ähli futbolçylarymyz maksada anyk düşünýär. Şonuň üçin haýsydyr bir oýun barada näçe gürrüň edilse-de haýry ýok.

Bizde resmi duşuşyklar ýeterlik däldi.Alaý bilen bolan oýunda bolsa ýeňşi soňky minutlarda gazandyk. 11 metrlik jerime urgusyndan gol geçirmek bize başartdy. ― Ertir sizi diňe ýeňiş kanagatlandyrýar.Nasafa bolsa deňlik hem ýeterlik. Şonuň üçin ertir Altyn asyrdan hüjüme ýykgyn edýän oýuna garaşyp bolarmy?

― Ýogsamam, ýeňiş gazanmak üçin hüjüm etmek gerek. Emma biz oýuny ýagdaýa görä alyp bararys. Nasafy deňlik kanagatlandyryp biler, ýöne deňlik iki topar üçin hem üstünlik däl. Näme boljakdygyny ertir oýun görkezer.

― Hujand bilen bolan oýunda iki futbolçyňyz gyzyl kart aldy. Olaryň biri bolsa iki sany sary kartdan soň meýdan çykaryldy. Ertir ony Nasaf bilen boljak oýunda meýdanda görüp bilerismi ýa-da oňa jeza berdiňizmi?

― Ýok, hiç hili jeza bermedik. Ýöne ertir onuň oýna gatnaşyp-gatnaşmajakdygyny häzir aýdyp bilmerin.

― Gysga wagtlyk ýaryşlarda eminden iki oýunlyk jeza almak gjuda çynlakaý jeza dälmi? ― Biz bolup geçen zatlar hakynda däl-de, ertirki oýun üçin söhbet etmäge ýygnandyk. Bu ― biziň tapan kadamyz däl.

Baş tälimçiden soňra toparyň kapitany Ahmet Ataýew hem duşuşyk barada pikirlerini beýan etdi:

― Ertir bize ýeňşiň näderejede möhümdigine düşünýäris. Biz onuň üçin ahyryna çenli göreşeris. Hemme kim bizden ýeňşe garaşýar.

Ýene degişli makalalar

Belgiýanyň Challenge Airlines awiakompaniýasy Aşgabatda gonup geçmek bilen ýük gatnawlaryny amala aşyryp başlady, Türkmen mekdep okuwçylary TURKSOÝ bäsleşiginiň baýragyna mynasyp boldylar we beýleki habarlar
6-njy noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Altyn asyr Aziýanyň Çempionlar ligasynyň duşuşygynda Eýr Fors toparyndan ýeňildi
Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň jemi jemlendi
Türkmenistan Gazagystana we Hindistana howa gatnawlaryny dikelder, Aşgabatda täze jaşaýyş jaýy ulanylmaga berildi, Serdar Berdimuhamedow ýurduň zenanlaryny 8-nji mart mynasybetli gutlady we beýleki habarlar
Türkmenistanyň Gahrymany, kosmonawt Oleg Kononenko 59 ýaşady, türkmen paýtagtynyň günortasynda AŞGABAT ýazgysy peýda bolar, Aşgabatda Halkara ýoga güni bellenildi we beýleki habarlar
Türkmenistan Erteki gürrüň berijilik sungaty boýunça Aziýa komitetiniň 15-nji mejlisine gatnaşdy, ÝHHG-nyň metbugat azatlygy boýunça wekili Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde gepleşikleri geçirdi we beýleki habarlar