Türkmenistanyň futbol boýunça milli we olimpiýa ýygyndylarynyň halkara duşuşyklaryny geçirýän günlerinde bu ýygyndylara düzüminde futbolçy çagyrylmadyk ýa-da az çagyrylan toparlar Ýokary liganyň çägindäki duşuşyklaryny geçirmegi dowam etdirerler.
Türkmenistanyň Futbol federasiýasy resmi saýtynda 16-njy tapgyrdaky Merw — Şagadam duşuşygynyň 8-nji sentýabra süýşürilendigini habar berdi.
Şol gün Mary şäherindäki 10 müň orunlyk Sport toplumynda geçiriljek duşuşyk sagat 17-de başlanar. Duşuşygyň baş emini Çarymyrat Gurbanow bolar.
3-nji sentýabrda 17-nji tapgyrdaky duşuşygyny hem öňünden geçiren Merw Energetigi 2:0 hasabynda ýeňip, ýaryş tertibinde sekizinji orna göterilipdi. 8-nji sentýabrda boljak duşuşykdaky garşydaş hem ýaryş tertibinde Merwe goňşy. Häzir sekizinji basgançakdaky Merwiň 9, dokuzynjylykdaky Şagadamyň bolsa 8 utugy bar.
