TÝL — 2023: Merw Şagadamy Myrat Ýakşiýewiň dubly bilen ýeňdi

TÝL — 2023: Merw Şagadamy Myrat Ýakşiýewiň dubly bilen ýeňdi

8-nji sentýabrda 16-njy tapgyryň wagty süýşürilen duşuşygy geçirilip, onda Merw bilen Şagadam toparlary duşuşdylar.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynyň habar berşi ýaly, bu duşuşykda mümkinçiliklerini ýerlikli peýdalanan Merw topary 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Mary şäheriniň toparyna ýeňiş getiren toplary Myrat Ýakşiýew öz adyna ýazdyrdy.

Gazanan bu ýeňşinden soň 12 utuk toplan Merw topary ýaryş tertibinde ýedinji orna geçmegi başardy. 8 utugy bolan Şagadam topary 9 orny eýeleýär.

16-njy tapgyryň wagty süýşürilen duşuşygy:

Merw Şagadam 2:0

Gollar: 20, 70 (11 m.j.u.) Myrat Ýakşiýew.

Çempionatyň tablisasy:

Ýene degişli makalalar

Çempion 3-nji ýere geçdi
“Altyn asyr” 1-nji orna ymtylýar
“Ahal” bilen “Altyn asyr” ýarym finalyň bosagasynda
Çempionlyk ugrunda ýiti göreş
Türkmenistan Singapur
“Altyn asyrdan” uly hasaply ýeňiş