Çempion 3-nji ýere geçdi

Futbol boýunça ýurdumyzyň Milli çempionatynda soňa goýlan duşuşyklar oýnaldy. Şolaryň birinde “Altyn asyr” ilki myhmançylykda “Merwden” 10 hasabynda asgyn geldi.Marylylara ýeňiş getiren ýeke-täk goly Ilýa Tamurkin geçirdi. “Altyn asyr” soňra öz meýdançasynda “Şagadam” bilen 00 hasabynda deňme-deň oýnady. Ýurdumyzyň çempiony 10-njy tapgyryň galdyrylan duşuşygynda-da myhmançylykda “Balkan” bilen duşuşdy. 33-nji minutda Arslanmyrat Amanowyň penalti goly bilen öňe saýlanan aşgabatlylara 82-nji minutda Azat Garajaýew jogap berdi (11). “Altyn asyr” 14-nji tapgyryň soňa süýşürilen duşuşygynda-da öz meýdançasynda Marynyň “Merwinden” 30 hasabynda üstün çykdy.

Gollary Süleýman Muhadow (17), Murat Ýakşiýew (28) hem-de Arslanmyrat Amanow (75) tora saldy.Bu netijelerden soň, utugyny 30-a çykaran “Altyn asyr” topary “Şagadamdan” öňe saýlanyp, sanawda 3-nji basgançaga beýgeldi. “Altyn asyr” şu gün hem wagty soňa goýlan duşuşyklaryň iň soňkusyny geçirer.

Olar myhmançylykda “Şagadam” bilen duşuşar.

“Merw”“Altyn asyr”: 10 (Ilýa Tamurkin),“Altyn asyr”“Şagadam”: 00,“Balkan”“Altyn asyr”: 11 (Azat Garajaýew 82 — Arslanmyrat Amanow 33 p),“Altyn asyr”“Merw”: 30 (Süleýman Muhadow 17, Murat Ýakşiýew 28, Arslanmyrat Amanow 75).

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň CAFA Nations Cup ― 2023 ýaryşyna gatnaşjak futbol ýygyndysynyň düzümi belli boldy
Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň Russiýadaky türgenleşikleri dowam edýär
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oktýabr aýynda geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşjak düzümi belli boldy
DÇ-2026-nyň saýlamasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Özbegistana we Gonkonga garşy oýunlar üçin giňeldilen düzümi belli boldy
TÝL ― 2023: meýdanda 10 oýunçy bilen galan Arkadag topary Ahaldan üstün çykmagy başardy
TFF 2022-nji ýylyň futbol möwsüminiň jemlerini jemledi
Malaýziýa bilen boljak duşuşykda türkmen ýygyndysynyň başlangyç düzümi mälim edildi