TÝL ― 2023: meýdanda 10 oýunçy bilen galan Arkadag topary Ahaldan üstün çykmagy başardy

TÝL ― 2023: meýdanda 10 oýunçy bilen galan Arkadag topary Ahaldan üstün çykmagy başardy

Arkadag şäheriniň adybir futbol topary çempion bolandan soň hem badyny gowşatmaýar. Mundan birnäçe minut ozal tamamlanan 25-nji tapgyryň duşuşygynda topar Ahaly 2:1 hasabynda ýeňdi. Bu barada Janköýer habar berýär.

33-nji minutda Arslanmyrat Amanowyň geçiren goly bilen öňe geçen Arkadag topary 47-nji minutda Abdy Bäşimowyň geçiren golundan soňra ýeňşini has berkitdi.

Ahal 77-nji minutda Alibek Abdyrahmanowyň goly bilen hasaby ýygran hem bolsa, deňlemegi başarmady. Şeýlelikde, duşuşyk Arkadagyň möwsümde 23-nji ýeňşi, Ahalyň bolsa 9-njy utulyşy bilen tamamlandy.

Dartgynly duşuşygyň soňky 20 minutdan gowragyny Arkadag topary 10 oýunçy bilen geçirmeli boldy. Çünki ilkinji sary kartyny 30-njy minutda gören ýarym goragçy Ilýa Tamurkin 70-nji minutda ikinji saryt kartdan soň meýdandan çykaryldy. Muňa garamazdan, çempion ýeňşi elden gidirmedi.

Bu ýeňişden soň Arkadag futbol topary utugyny 69-a çykardy. Çempionatyň başyndan bäri 100 göterimlik netije görkezip gelýän topar şu ýyl Ýokary ligada 80 gol geçiren ilkinji topar boldy. Bu bolsa toparyň futbolçylarynyň ýaryş tertibiniň soňky dört basgançagyndaky Köpetdagyň, Energetigiň, Şagadamyň we Merwiň bilelikde geçiren gollaryndan hem köp gezek tapawutlanandygyny görkezýär.

21 duşuşykda 32 utuk toplap bilen Ahal bolsa dördünji orunda galdy.

Ýene degişli makalalar

DÇ-2026-nyň saýlamasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Özbegistana we Gonkonga garşy oýunlar üçin giňeldilen düzümi belli boldy
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oktýabr aýynda geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşjak düzümi belli boldy
Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň Russiýadaky türgenleşikleri dowam edýär
Türkmenistanyň CAFA Nations Cup ― 2023 ýaryşyna gatnaşjak futbol ýygyndysynyň düzümi belli boldy
TFF 2022-nji ýylyň futbol möwsüminiň jemlerini jemledi
Arkadag futbol topary Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy